Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Polşanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 01.10.2017
1372

Siziň Alyhezretiňiz, Polşa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli polýak halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn. Polşa Respublikasy Türkmenistanyň türkmen döwletiniň howpsuzlygynyň, garaşsyzlygynyň hem-de ykbalyny özbaşdak çözmäge hukugynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna hormat bilen garaýar. Türkmenistanyň durnukly ösmeginiň ýurduň rowaçlygyna hem-de onuň halkynyň abadançylygyna ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Jenap Prezident, Polşanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigine Sizi ynandyrmak isleýärin, munuň özi ýurtlarymyzyň arasynda, hususan-da, ykdysady, medeni hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerini herekete getirmäge ýardam eder. Jenap Prezident, Türkmenistanyň, onuň ähli raýatlarynyň hem-de hut Siziň abadançylygy baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow