Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Türkmenistana resmi sapar bilen geler
Syýasy habarlar
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Türkmenistana resmi sapar bilen geler
Çap edildi 29.09.2017
1621

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylar. Ählumumy gün tertibiniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň howplaryna garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň garaýyşlary ýakyndyr. Ýurtlaryň ikisi hem köp ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem-de obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, şol sanda bilim, ylym we amaly barlaglar, medeniýet hem-de döredijilik alyşmalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler. Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow