Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz we Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar
Çap edildi 27.09.2017
1414

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýapylyş dabarasynyň gerimine haýran galýandygyny nygtady. Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine şeýle iri bäsleşige Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşmagy baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de bu işiň halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda hem-de bu oýunlaryň hukuk derejesini we ähmiýetini täze derejä çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady we sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar we gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. V Aziýa oýunlarynyň bu ýaryşlaryň taryhynda Okeaniýa ýurtlarynyň we bosgunlar toparynyň gatnaşmagy bilen iň giň möçberli bäsleşiklere öwrülendigi nygtaldy. Aşgabatda şeýle iri ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, tutuş dünýäde sportuň giňden wagyz edilmegine ýardam eder. Myhman türkmen sportunyň ýokary ösüş depginlere eýedigini nygtap, munuň bu ugruň ösdürilmegine ägirt uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandydygyny belledi. Aziýa ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň eýelän medallarynyň sany boýunça birinji orna düşmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Jenap Robin Mitçell Okeaniýa ýurtlarynyň sport guramalarynyň adyndan bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlikler, Türkmenistana hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow