Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Günorta Koreýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýär
Syýasy habarlar
Günorta Koreýa Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi ugur edinýär
Çap edildi 21.09.2017
1611

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: “Koreýa Respublikasyndan Aziada sportuň 7 görnüşinden 100 adamdan ybarat wekiliýet gatnaşýar. Türgenleriň on günüň dowamynda halal we adalatly ýaryşjakdygyna hem-de Oýunlaryň uly üstünlik bilen tamamlanjakdygyna ynanýaryn. Bu ýyl Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli uly ähmiýete eýedir. Biziň ýurtlarymyz parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak işinde möhüm hyzmatdaş bolup durýarlar. Iki ýurduň senagatynyň özara baglanyşygy nebithimiýa senagatynda hem-de degişli pudaklaýyn desgalary gurmakda ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň ösdürilmegini şertlendirýär. Siziň uly üns we ýardam bermegiňiz netijesinde, biziň hyzmatdaşlygymyz kuwwatly itergä eýe bolýar we şunuň bilen baglylykda, Siziň Gyýanlydaky nebithimiýa toplumynyň gurulýan ýerine baryp görendigiňizi hem-de koreý kompaniýalarynyň kuwwatyna ýokary baha berendigiňizi bellemek isleýärin. Bu kompaniýalaryň Türkmenistanda iri toplumlary gurmak boýunça täze taslamalara gatnaşmak üçin şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagyna we şeýlelikde, iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekdigine umyt edýärin. Serişdeleri işläp taýýarlamakda, ulag ulgamynda we logistiki düzümi kemala getirmekde hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmekde Ýewraziýa ýurtlarynyň, hususan-da, Türkmenistanyň mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen, özümiň ýolbaşçylyk edýän döwründe söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek arkaly gatnaşyklary pugtalandyrmagy göz öňünde tutuýaryn. Şu maksatlar bilen ýörite komitetiň döredilmegi netijesinde Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky, şeýle hem Ýewraziýa sebiti bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine umyt edýärin”.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow