Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň ilkinji hormatly raýaty
Syýasy habarlar
Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň ilkinji hormatly raýaty
Çap edildi 16.09.2017
1500

Şu gün “Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşuryş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly ada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, syýasy, ykdysady we medeni-ynasanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp bolandygyny belledi. Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp türkmen paýtagtynyň – özboluşly we gaýtalanmajak binalary, gözelligi hem-de sazlaşygy, ekologiýa taýdan arassalygy, ýaşyl begresiniň we çüwdürimler toplumlarynyň ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli şäheriň hormatly raýaty bolmaga şatdygyny hem-de muňa buýsanýandygyny aýtdy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň wekiliýetiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow