Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 16.09.2017
1425

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gutlaglaryny hem-de bu iri möçberli sport ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de Russiýa Federasiýasynyň ýokary ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Russiýa bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini belledi. Bu ýurt hemişe Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri hem-de myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we soňky ýyllarda ýetilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini, giň ugurlar boýunça ony mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, wekiliýetleriň özara saparlarynyň, parlamentara gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň iki dostlukly ýurduň we doganlyk halklaryň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönüden-göni ýardam berýändigi aýratyn bellenildi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasatynyň, sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm halkara başlangyçlarynyň Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolandygyny nygtady. Russiýa Türkmenistany Merkezi Aziýada durnuklylygyň üpjün edilmeginde ägirt uly orun eýeleýän ygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar diýip, W. Matwiýenko aýtdy. Şeýle hem Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň Türkmenistanyň abraýyny artdyrjakdygyna hem-de milli sport hereketini ösdürmek üçin şertleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow