Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda we BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşinde täze we möhüm başlangyçlary boýunça çykyş eder
Syýasy habarlar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda we BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşinde täze we möhüm başlangyçlary boýunça çykyş eder
Çap edildi 15.09.2017
1388

Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Daşary işler ministri R.Meredow öz hasabatynda habr berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan ileri tutulýan ugurlary we başlangyçlary barada hasabat berdi. Sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek Türkmenistanyň işjeň başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goldaw bermäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýän döredijilikli başlangyçlary hut şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow