Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 01.09.2017
1429

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize hem-de türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki doganlyk döwletiň Baştutanlary netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň we iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň wajypdygyny nygtadylar. Munuň özi doganlyk halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir. Taraplaryň medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýandygy bellenildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşler ilki başdan hoşniýetli erk-islegiň, deňhukuklylygyň hem-de mizemez doganlyk gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Soňky habarlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryndan hoşallyk haty gelip gowuşdy
22.09
Ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze ädimler
22.09
Garaşsyz Watanymyzyň gazananlaryny wasp edip
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow