Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serhet goşunlarynyň serkerdelerini we şahsy düzümini Serhet gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serhet goşunlarynyň serkerdelerini we şahsy düzümini Serhet gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 11.08.2017
2208

Watanymyzyň dost- doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny we mizemezligini üpjün etmekde siziň jogapkärli borjuňyzy hemişe üstünlikl ýerine ýetirjekdigiňize, Watana we harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize berk ynanýaryn,--diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdelerine, harby talyplaryna we şahsy düzümine iberen gutlagynda aýdylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny Bitaraplyk ýörelgesine laýyk üstünlikli alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, özbaşdak döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy esasynda ýurdumyzyň ýokary goranyş kuwwatyny saklamak, goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen döwrebap özgertmeleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Serhet goşunlary çärýek asyrda kämillik ýoluny geçdi. Biziň sebitde we bütin dünýäde parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga we ynsanperwerlige esaslanýan içeri we daşary syýasatymyzy Serhet goşunlarynyň hatarlarynda gulluk edýän her bir esgere düşündirmek her bir serkerdäniň borjydyr. Tiz wagtda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler, siziň öňüňizde örän jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, bu halkara sport oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn,-- diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda bellenilýär. Türkmenistanyň Serhet institutynda Serhet goşunlarynyň öňünde goýlan örän möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmäge ukyply, ýokary söweşjeň taýýarlykly serkerdeler taýýarlanylýar. Bu ýokary harby okuw mekdebinde bilim we hünär alan ussat hünärmen serkerdeler dost-doganlyk serhedimizi ygtybarly goramagyň usullaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp, döwrebap, kämil tehnikalary we enjamlary başarjaňlyk bilen dolandyryp, Döwlet serhedimiziň ygtybarly we mizemez goragyny üpjün edýärler. Siziň alyp barýan jogapkärli gullugyňyz ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, Watan serhediniň goragçylaryna döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Serhetçileriň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalarynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze, döwrebap serhet berkitmeleriniň, serhet galalarynyň, harbu gullukçylar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki gulluk hem-de durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, iň kämil, öňdebaryjy harby tehnikalaryň, enjamlaryň yzygiderli satyn alynmagy mundan beýläk-de dowam etdiriler. Eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, ýurdumyzyň serhetleriniň hemişe dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup galmagy ugrunda siziň her biriňiziň bilimiňizi, ukyp-başarnygyňyzy, gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmek üçin, zerur bolsa, şirin janyňyzy hem aýamajakdygyňyza berk ynanýaryn,--diýlip, Türkmen döwletiniň baştutanynyň gutlagynda nygtalýar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow