Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 23.09.2026
21

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasyndaky yzygiderli pugtalandyrylýan doganlyk gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesi halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygynyň, taryhy baglanyşygynyň, umumy medeni-ruhy gymmatlyklarynyň we özara hormatynyň aýdyň güwäsidir.

Döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge we hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge gönükdirilen tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparyňyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek we strategik hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki işimizi mundan beýläk-de dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Bu şanly günde Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistan döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gidip, döwlet binýatlaryny pugtalandyrmakda we durmuş-ykdysady ulgamy döwrebaplaşdyrmakda uly üstünlikleri gazanýar, halkara giňişlikdäki abraýyny pugtalandyrýar. Siziň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işiňiziň we oňyn Bitaraplyk strategiýasynyň ýurduňyzy durnukly ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Köpugurly döwletara gatnaşyklarymyzy täze derejelere çykarmak maksady bilen, Siziň gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde egsilmez güýç-kuwwat we mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamaga we berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işiňizde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etmäge rugsat ediň!

Bilelikdäki tagallalarymyz we Siziň goşandyňyz netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan has ýokary derejä çykaryljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Peter PELLEGRINI,
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň ýolbaşçylyk edýän döwrüňizde Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze derejelere ýetirildi. Ýurtlarymyzyň arasynda özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Nikol PAŞINÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň adyndan hem-de hut öz adymdan doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymyzy kabul ediň!

Siziň döwlet işindäki baý tejribäňiz ýurduňyzy durnukly ösdürmäge we Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy ilerletmäge möhüm goşant goşýar. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan halkara dialogy ösdürmäge, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga uly goşant goşmagyny dowam edýär, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylyk, durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda umumy maksatlary ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini yzygiderli goldaýandygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Biz Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga we ýurduňyzyň sebitde dialogy, ynanyşmagy, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berýäris. Bilelikdäki tagallalarymyzyň parahatçylyk we durnukly ösüş ulgamlarynda umumy maksatlarymyzy ilerletmäge mundan beýläk-de ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kaha IMNADZE,
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow