Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen we azerbaýjan liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Syýasy habarlar
Türkmen we azerbaýjan liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çap edildi 08.08.2017
1443

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýüzbe-ýüz duşuşygy tamamlanandan soň gepleşikler gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Gepleşiklerde azerbaýjan lideri çykyş edip, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklaryny asyrlaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtap, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Syýasy, ykdysady, energetika ulgamlarynda iki halkyň abadançylygynyň, milli bähbitleriniň üpjün edilmeginiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine ösdürilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki resmi saparyň baş maksadynyň iki döwletiň hem-de halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bolup durýandygyny belledi. Şu gezekki duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýärler, munuň özi diňe bir ikitaraplaýyn çemeleşmelere däl-de, iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerine hem laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bilen Azerbaýjanyň ozaly bilen halkara hem-de sebit howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň bähbidine çykyş edýändiklerini belledi. Bu möhüm meselede Türkmenistanyň bilen Azerbaýjanyň pugta hem-de ynamly eýeleýän orny Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňziniň sebitinde syýasy ýagdaýlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman şertlerinde biziň ýurtlarymyzyň BMG-niň , ÝHHG-nyň, GDA-nyň, YHG-nyň, we beýlekileriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmeginiň zerurdygyna berk ynam bildirdi. Türkmenistan bilen Azerbaýjan geljekde hem halkara giňişliginde ylalaşykly hereket edip, birek-birege zerur goldawy berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň halkara giňişliginde işlerini mundan beýläk-de ysnyşykly utgaşdyrmagy hem-de birek-birege goldaw bermegi göz öňünde tutýandyklaryny belläp, biziň ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, energiýa howpsuzlygy babatda täze halkara guralyny döretmek, durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada kabul eden Kararnamalaryny Azerbaýjanyň goldandygy hem-de olaryň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow