Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Syýasy habarlar
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Çap edildi 08.08.2017
1287

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Döwlet Baştutanlary ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijelerini teswirlediler. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn möhüm resminalaryň toplumyna gol çekilmegi bilen tamamlandy. Esasy resminama Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama boldy. Bu wajyp syýasy resminama hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmaga taýýardygyny beýan eden iki ýurduň mümkinçilikleriniň ähli ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Taraplar halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän aragatnaşyklary has-da ösdürmek meselelerine hem-de halkara derejesinde, sebitde özara hereket etmäge umumy çemeleşmeleri tassykladylar.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow