Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen geljegi uly hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz we Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen geljegi uly hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar
Çap edildi 02.08.2017
1368

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow we myhman dürli pudaklarda uzakmöhletleýin işewir gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanýan türkmen-türk özara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, döredilen kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk we taryhy-medeni umumylyk iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepili bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň gerimini giňeltmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we köpugurly esasda ösdürmekde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde Hökümetara türkmen-türk toparynyň we bilelikdäki Işewür geňeşiň işine, şeýle hem yzygiderli geçirilýän pudaklaýyn sergilere we işewür maslahatlara uly orun berilýär. Jenap Rifat Hisarjyklyoglu milli Liderimize hökümetara söwda-ykdysady gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge berýän hemişelik ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkiýäniň işewir toparlarynyň täze taryhy döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalara we düzümleýin taslamalara mundan beýläk-de işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady. Şunlukda, türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilen we yzygiderli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli we döredijilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir. Duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy döwlet Baştutanymyza Watanyň we halkyň rowaçlygyň bähbidine alyp barýan asylly döwlet işlerinde uly üstünlik arzuw etdi hem-de türk işewürleriniň özlerine bildirilen ynamy ödemek ugrunda ähli tagallalaryny etjekdiklerini we boýun alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşjekdiklerini tassyklady.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow