Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Gadymy Merw – britan “Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň nobatdaky sanynyň mowzugy
Medeniýet
Gadymy Merw – britan “Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň nobatdaky sanynyň mowzugy
Çap edildi 12.07.2017
3349

Ýakynda Beýik Britaniýada neşir edilýän iri ýöriteleşdirilen “Bütindünýä arheologiýasy” atly ylmy-köpçülikleýin žurnal öz sahabynda orta asyr binagärliginiň ýadygärligi, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda ýerleşen hem-de UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Uly Gyzgalanyň şekilini ýerleşdirdi. Bir müň ýyla golaý mundan ozal çig kerpiçden gurlan hem-de biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu täsin binada soňky bäş ýylyň dowamynda arheologik we dikeldiş işleri geçirilýär. Olary Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri britan, fransuz we polýak kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýarlar. Bu ABŞ-nyň döwlet departamentiniň “Medeni mirasy goramak” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähmiýetli taslama bolup durýar. Ozal bu maksatnama boýunça Mary welaýatyndaky Goňurdepe, Änew, Köne Nusaý, Ahal welaýatyndaky Mänebaba, Balkan welaýatyndaky Maşat ata, Daşoguz welaýatyndaky Aksaraý diň, Ysmamyt ata, Nejmeddin Kubranyň we Tekeşiň Köneürgenç kümmetleri, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýy we beýleki ýadygärlikleri dikeltmek işleri üstünlikli amala aşyryldy. Emma Uly Gyzgalany dikeltmek ýerine ýetirilýän işleriň möçberi boýunça hem, olaryň ylmy-barlag netijeleri boýunça hem biziň mirasymyzyň beýleki desgalaryndan üstün çykýar. Britan žurnalynyň sahypalarynda näme üçin hut şu ýadygärligiň giň gerimli taslama üçin saýlanyp alnandygy barada gürrüň berilýär. “Ýüpek ýolunda ýerleşmegi sebäpli Merw dünýäniň beýik şäherleriniň biri bolupdyr diýip, makalanyň awtory, Londonyň arheologiýa institutyndan dünýäniň belli arheologlarynyň biri Tim Uilýams gürrüň berýär. –Bu ýerde ençeme beýik siwilizasiýalaryň—Ahemenidleriň, Selewkitleriň, parfiýalylaryň, Sasanidleriň, şeýle hem musulman imperiýalary bolan Omeýadlaryň, Abbasidleriň, Seljuklaryň yzlary saklanyp galypdyr. Bu şäher dürli döwürlerde her dürli atlandyrylypdyr: Antiohiýa Margianskaýa, Gäwürgala, Soltangala, Maru-Şahyjan, Marw, Merw, Mary. Onuň ýatdan çykan başga-da atlary bolan bolmagy mümkin, emma onuň ençeme asyrlaryň dowamynda tutuş dünýä tanalandygy hakykatlygyna galýar. Owganystanyň daglaryndan akyp gelýän Murgap derýasynyň mes toprakly hanasynda ýerleşmek bilen, şäher orta Aziýanyň we Eýran düzlüginiň arasyndaky syýasy taýdan möhüm merkezde ýerleşipdir. Beýik Ýüpek ýolunda merkezi nokada ýakyn bolan Merw dürli halklaryň söweşen ýerine öwrülip, birnäçe döwletleriň paýtagty hem-de ençeme imperiýalaryň şäheri bolupdur. Ol biziň eýýamymyzyň onunjy asyrynda ululygy boýunça dünýäniň üçünji ýa-da dördünji şäheri hasaplanyp, meşhurlygy we ähmiýeti boýunça Bagdat, Kair we Damask bilen bäsleşipdir. Onuň baý mazmunly kitaphanalarynyň dünýä dolan şöhraty bu ýere şahyr-astronom Omar Haýýam hem-de geograf al-Mukaddasi ýaly alymlary özüne çekipdir. Ol Merw şäherini “Haýran galdyrýan, ajaýyp, giň we ýakymly” şäher hökmünde suratlandyrypdyr. “1221-nji ýylda weýrançylyk bolup geçýär—diýip, Tim Uilýams sözüni dowam edýär. –Çingiz han Merwi basyp almak üçin öz kiçi ogly Toluýany ugradypdyr. Onuň goşuny görlüp-eşidilmedik weýrançylyk edýär. Mongollar Merwi taryhyň sahypalaryndan mümkin öçüren hem bolsalar, olar ony arheologiýa üçin saklapdyrlar. Mongollaryň Merwe çozmagy netijesinde şäher adaty bolmadyk ýagdaýda, ençeme metrlik galyňlykdaky medeni gatlagyny saklap galypdyr, ol biri-birini çalşan dört şäheriň çäklerinde müňden gowrak gektar ýerleri örtýär. Merwi köplenç arheologyň arzuwy diýip atlandyrýarlar, 2001-nji ýyldan başlap, maňa Gadymy Merw boýunça uzakmöhletleýin türkmen-britan taslamasynyň direktory bolmak bagty miýesser etdi. Biz geçmişde beýik şäher bolan ýer hakynda ýylsaýyn köp zatlary öwrenýäris”. “Bütindünýä arheologiýasy” žurnalynyň sahypalarynda Merwiň şähergurluşyk özgertmeleri, şeýle hem käbir soňky açyşlar we tapyndylar barada gürrüň berilýär. Uilýamsyň gürrüň bermegine görä, arheologlar bu beýik şäherde – diňe Soltanyň köşgünde däl-de, eýsem, adaty öýlerde bolan ýaşaýyş-durmuşy göz öňüne getirmek isleýärdi. Şu maksat bilen birnäçe ýyl mundan ozal, olar şäheri suw bilen üpjün eden Majan kanalyndan takmynan 500 metr aralykda ýerleşen köçeleriň birinde uly bolmadyk gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Oňat timarlanan, yzygiderli abatlanan, ini 4 metre golaý bolan, merkezi suw geçiriji turba çekilen köçe olaryň ünsüni özüne çekdi. Şu köçäniň ugrunda ýerleşen jaýlaryň briniň aşagyndan suw geçiriji turbalar geçipdir. Şondan çen tutanyňda, şeýle ýönekeý jaýlaryň hem suw geçiriji we lagym ulgamy bilen enjamlaşdyrylandygyna göz ýetirmek bolýar. Şol döwürde Ýewropada hem şeýle zatlar bolmandy. “Biziň işlerimiz Merwiň ýönekeý ýaşaýjylarynyň hem ýokary durmuş derejesine eýe bolandygyny görkezýär. Bu şäher merkezi dolandyryş diwanyna hem-de köşkler toplumyna eýe bolan belli şäher bolupdyr. Uly bazary we metjidi bolan şäheriň merkezinde hökümdaryň ýaşaýyş jaý toplumy, şol sanda edara binalary, kabul ediş otaglary, gaznasy, kitaphanalary, hammamlary, baglary we beýlekiler ýerleşipdir. Žurnalyň sahypalarynda öz beýanyna eýe bolan beýleki möhüm ylmy we amaly mesele Merwiň köpsanly toýun ýadygärliklerini, ýagny orta asyrlarda çig kerpiçden bina edilen, şonuň üçin has gowşak bolan ýadygärliklerini aýawly saklamak bilen bagly bolup durýar. Ýarym asyr mundan ozal, Garagum derýanyň çekilmegi bilen, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokarlanmagy şol desgalaryň durnuklylygynyň ýitmegine getirdi. Bu örän möhüm taryhy desgalary ygtybarly dolandyrmaga ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin daşary ýurtly bilermenler goraghananyň işgärleri bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Mysal üçin, seljuklar şäheriniň töwereginde uzynlygy 13 kilometrden gowrak bolan şäher diwarynyň dargamagyny saklamak aňsat iş hem däl. Emma hünärmenler töwekgelçiliklere sezewar bolýan ýerlerde çäklendirilen serişdeleri jemlemäge mümkinçilik berýän strategiýany işläp taýýarladylar. Onuň esasynda täsin arheologiýany aýawly saklamak islegi ýatyr. Mundan başga-da, mümkin bolan ýerlerde alymlar 3D – lazerli skanirlemäni giňden peýdalanmak ýaly inwaziw däl (gazuw-agtaryş işlerini geçirmezden) usullara üns berýärler. Munuň özi eýýäm halkara täjirçilik däl guramanyň web-saýty – CyArk arkaly Internetde hemmelere elýeterli bolan Merwiň ençeme binalary hakynda jikme-jik hasabaty taýýarlamaga mümkinçilik berdi. Bu gurama lazerli skanirleme, sanly nusgalaşdyrma we beýleki döwrebap tehnologiýalar arkaly döredilen maglumatlary ýygnamak, arhiwleşdirmek we açyk elýeterliligi üpjün etmek arkaly bütin dünýä medeni mirasyň desgalaryny sanly usul bilen aýawly saklamagy amala aşyrýar. Ýakynda Tim Uilýams UNESKO-nyň bilermenler topary bilen ýurdumyza gelip, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň Ylmy-usulyýet geňeşiniň mejlisine gatnaşdylar. Onda Uly Gyzgalany aýawly saklamak boýunça geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň strategiýasy ylalaşyldy. Daşary ýurtly hünärmenler degişli taslamany amala aşyrmakda türkmen kärdeşleriniň taýsyz tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, ýadygärlikde işleri geçirmegiň usulyýeti boýunça aýry-aýry teklipleri we maslahatlary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem milli taryhyň täsin gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň hatyrasyna geljekde netijeli hyzmatdaşlyk edilmegine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow