Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.09.2025
1767

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de hoşniýetli arzuwlarymy beýan etmek mende uly şatlyk duýgusyny döredýär. Özbegistanda Sizi doganlyk türkmen halkynyň mynasyp hem-de hakyky watançy ogly, uly hormata eýe bolan zehinli syýasatçy hökmünde tanaýarlar. Siziň tagallalaryňyz bilen öňe sürülýän köp sanly sebit we ählumumy ähmiýetli başlangyçlaryň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Siziň Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigiňizi kanagatlanma bilen nygtamak isleýärin. Biziň ýokary derejedäki dialogymyz hem-de umumy gyzyklanmalar netijesinde döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, durmuşyňyzyň ýatdan çykmajak bu ajaýyp gününde Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Doglan günüňiz mynasybetli meniň mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Türkmen halky röwşen geljegini we döwletiňiziň durnukly ösüşini Siziň adyňyz, parasatly baştutanlygyňyzda alyp barýan döredijilikli syýasatyňyz bilen berk baglanyşdyrmaga haklydyr. Watandaşlaryňyzyň goldawyna daýanyp, oňyn Bitaraplyk strategik ugruna eýerip, giň gerimli syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirip, kuwwatly, gülläp ösýän döwleti gurmak babatda belent maksatlaryňyzy üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Köpugurly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýärin. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyny, şol sanda ony Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine doly derejede durmuşa geçirjekdigimize ynanýaryn. Resmi sapar bilen Gazagystana gelmegiňize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açyp, döwletara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny we doganlyk Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Size berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Men Slowakiýa bilen Türkmenistanyň arasynda özara hormat goýmaga we umumy bähbitlere esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärin. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine, hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size we Türkmenistanyň raýatlaryna berk jan saglyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Peter PELLEGRINI,

Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
21.08
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
21.08
Dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
20.08
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
20.08
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ählumumy abadançylygyň baş şertidir
19.08
Halkyň saglygy baradaky alada — döwrüň möhüm wezipesi
19.08
Aşgabatda “Kids EXPO” halkara sergi-ýarmarkasy geçirilýär
18.08
Türkmenistan bedew batly ösüşler bilen şanly baýrama we ählihalk forumyna barýar
18.08
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
top-arrow