Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek
Medeniýet
Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek
Çap edildi 01.05.2017
1650

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Maýa Kulyýewa milli medeniýetimiziň ady rowaýata öwrülen meşhur wekilidir. Bu tanymal aýdymçynyň ady bilen türkmen opera sungatynyň kemala geliş taryhy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýylýazgysyny täze sahypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy. Ol özüniň uly ýaşyna garamazdan, häzir hem şägirtleri we onuň her bir ýoluny dowam etdirýänler üçin nusgalyk görelde bolup durýar, sebäbi onuň sözi, pikiri olar üçin hemişe gymmatly maslahat, parasatly nesihat bolup durýar. Meşhur artist özüniň nobatdaky doglan gününi baýram etmek bilen, ýyllar ynsana olaryň sanyny hasaplamak üçin däl-de, işlemek, döretmek üçin berilýär diýýär. Toplanylan durmuş, hünär tejribäňi bolsa geljekki nesle geçirmeli, şeýle edilmese, ol tejribäniň peýdasy ýokdur. Ol Aşgabadyň sazly teatrlaryndan we okuw mekdeplerinden ýaş aýdymçylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gaýtadan dikeldilen türkmen operalaryny hem-de täze eserleri sahnalaşdyrmakda baş geňeşçi hökmünde hemişe ýardam berdi. Döwlet Baştutanymyz türkmen saz sungatynyň meşhur wekillerine ägirt uly hormat we alada bilen garaýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmäge goşan uly goşandyny belläp, 2009-njy ýylda meşhur aýdymça Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Tanymal aýdymçy şeýle hem “Altyn Aý” altyn medala mynasyp boldy. 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Maýa Kulyýewa bitiren hyzmatlary üçin “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. Opera ýyldyzynyň mugallym hökmünde alyp baran işleri hem döwletimiziň nazaryndan düşmedi – 2007-nji ýylda ol ýaş sungat işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmek boýunça köpýyllyk hem-de tutanýerli zähmeti üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna mynasyp boldy. Milli Liderimiz sungat ulgamynda öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, onuň wekillerini täzeçe, batyrgaý hem-de giňişleýin pikir etmäge, yhlasly işlemäge çagyrýar we biziň meşhur sungat ussatlarymyzyň tejribesine ýüzlenmegiň möhümdigini hemişe nygtaýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen medeniýetiniň gadymy ýörelgelerini içgin bilýän hem-de örän baý mirasyna sarpa goýýan, ajaýyp sungatyň gymmatyna gadyr goýýan ynsan hökmünde dowamatlylyk ýörelgeleriniň üýtgewsiz ähmiýetini belleýär, onuň netijesinde milli medeniýetimiz özüniň köpdürli öwüşgini bilen özboluşlylygyny saklap galdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de howandarlygy bilen türkmen opera sungaty gaýtadan dikeldildi, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri döredildi, türkmen-awstriýa “Galkynyş” simfoniki orkestri ýaly täsin medeni taslama durmuşa geçirildi. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwletimiziň öňe tarap okgunly ösüşine jemgyýetimiziň medeni, ruhy kämilligi nukdaýnazaryndan garaýandygynyň subutnamasydyr. ...Maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly we ajaýyp sahna üstünligi çeper höwesjeňlikden başlandy. Onuň özi aýdymçy bolaryn diýip hyýalyna-da getirmeýärdi, emma ýaş gyzyň tebigy zehinine hem-de owadan we güýçli sesine ýokary baha berip, ony çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişine Moskwa ugratdylar. Şol ýerde görmegeý, asylly türkmen gyzynyň çykyşy örän ýokary baha mynasyp boldy. Bu onuň hünär ýolundaky ilkinji şowly ädimi boldy. Şol wagtlar Aşgabatda eýýäm opera studiýasy bardy we opera teatryny döretmek boýunça işler alnyp barylýardy. Geljekki teatry esaslandyryjylar Türkmenistanyň ähli künjeklerinden zehinli ýetginjekleri we gyzlary ýeke-ýekeden seçip alýardylar. Emma, ilkinji nobatda, hünär taýýarlykly aýdymçylar talap edilýärdi. 1938-nji ýylyň sentýabr aýynda Maýa Kulyýewa Moskwa konserwatoriýasynda okuwa başlaýar, bu ýerde türkmen bölümi açylypdy. Mugallymlar onuň tebigy zehininiň bardygyny aňdylar, sesine zerur labyz bermek boýunça tutanýerli işler başlandy. Bu ýeňil däldi, emma geljekki ussat aýdymçynyň tutanýerliligi, yhlasy we zähmetsöýerligi ähli çylşyrymly wezipeleri çözmäge ýardam berdi. Türkmen döwlet opera we balet teatry A.Şapoşnikowyň “Zöhre we Tahyr”opera eseriniň goýulmagy bilen öz işine başlady, şonda Maýa Kulyýewa özüniň sahna oýnunda ilkinji keşbini – şazada gyz Mahymyň keşbini döretdi. 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe Aşgabada köpsanly belli režissýorlar, ýazyjylar, suratkeşler, dirižýorlar, balet işgärleri, kompozitorlar geldiler. Şol wagtlar Türkmenistanyň öz kompozitorlary hem – Weli Muhadow, Daňatar Öwezow, Aşyr Kulyýew ýaly zehinli kompozitorlar döredijilik ýoluna başladylar. Olar bilelikde Türkmenistanda opera sungatynyň esasyny goýdular. Soňra opera teatry döredildi. Bu teatryň işlän ýyllarynda onuň sahnalarynda türkmen, rus we ýewropa kompozitorlarynyň onlarça sahna eserleri goýuldy. Olaryň her birinde Maýa Kulyýewanyň ajaýyp sesi ýaňlanýardy. Ý.Meýtusyň hem-de A.Kulyýewiň adybir sahna oýnunda Abadanyň, Ý.Meýtusyň we D.Öwezowyň “Leýli we Mežnun” sahna oýnunda Leýliniň, A.Şapoşnikowyň hem-de D.Öwezowyň “Şasenem we Garyp” sahna oýnunda Şasenemiň, “Kemine we kazy” sahna oýnunda Nabadyň hem-de Ogulbegiň, “Ýewgeniý Oneginde” Tatýananyň, N.A.Rimskiý –Korsakowyň “Şa gelni” sahna oýnunda Marfanyň, J.Puççininiň operasynda Çio-Çio-sanyň, Ş.Gunonyň “Faust” operasynda Margaritanyň, Ž.Bizeniň “Karmen” operasynda Mikaelanyň, Leonkawallonyň “Paýaslarynda” Nedunyň keşpleri we beýlekiler Maýa Kulyýewanyň ýerine ýetiren teatr keşpleridir. Aktrisa öz gahrymanlarynyň keşbine çuňňur aralaşmak hem-de kalbynyň inçe hereketlerini tomaşaça ýetirmek, olary dogruçyl görkezmek, sahnada şekillendirmeli durmuş barada düşünje almak üçin dünýäniň nusgawy eserlerini okaýar, hereketiň bolup geçýän döwründäki adamlaryň durmuşyny we ahlak sypatlaryny öwrenýär. Ol Abadanyň keşbini ýerine ýetirmäge taýýarlyk görende haly fabrigine gatnapdy hem-de halyçy zenanlaryň elleriniň hereketlerini ýatda saklamak üçin olaryň işini uzak wagtlap synlapdy. Maýa Kulyýewa öz ussatlygy bilen diňe Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny begendirmek bilen çäklenmedi. Onuň ajaýyp sesi, artistlik zehini, drama ukyby aýdymçy zenana uly meşhurlyk getirdi. Ol öz aýdymlary bilen dünýä ýüzüne aýlanyp, türkmen saz sungaty bilen tanyşdyrdy. Biz şeýle görnükli adamlaryň mysalynda ýurdumyzyň zehinlere baýdygyny, milli medeniýetimiziň ösüşiniň täze derejesine çykýan wagtynda olaryň baý tejribesiniň näderejede zerurdygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. Ertirki gün biziň miras alýan şu günümiz bolup durýar diýip, Maýa Kulyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa nusgawy sungatyň ägirt uly ähmiýetine düşünýändigi, türkmen medeniýetini tutuş dünýä giňden ýaýmak, zehinli ýaşlary goldamak we höweslendirmek babatda alyp barýan işleri üçin tükeniksiz hoşallyk sözlerini beýan edýär. Halkyň söýgüsini gazanan artist zenan çykyş edýän ýurtlarynda türkmen sazynyň dünýäniň köp ýurtlarynda ýaňlanyp başlanmagyna şatlyk we buýsanç duýgularyny başdan geçirýär. Şol ýurtlarda biziň artistlerimiz çykyş edip, bu gün ýaş türkmenistanlylaryň öňünde döredijilik ylhamyny açyp görkezmäge uly mümkinçilikler döreýär. Biziň döwrümiz her bir adamy öz hünär we raýat jogapkärçiligine çagyrýar diýip, görnükli aýdymçy belleýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeniýet we sungat adamlary döredijilik ylhamyna ruhlandyrmaga, olarda watançylygyň, mähriban halkymyza wepalylygyň belent duýgularyny kemala getirmäge, ruhy gymmatlyklary berkitmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk artistimiz, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa doglan güni mynasybetli ajaýyp bahar güllerini hem-de onuň zehinine uly hormatyň nyşany hökmünde milli sungaty ösdürmäge goşan ägirt uly goşandy üçin sowgatlary iberdi.

Soňky habarlar
25.10
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine gatnaşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitindäki çykyşy
24.10
Türkmenistan howanyň üýtgemegi meselelerine yzygiderli gözegçilik etmäge çykyş edýär
24.10
Türkmenistan Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamany teklip etdi
24.10
Aşgabat halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş diplomatiýa gurallaryny işjeň ulanmagy goldaýar
24.10
Türkmenistanyň Prezidenti XVI BRIKS Sammitine gatnaşýar
top-arrow