Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 13-nji Iýul
Resmi
Resmi habarlar 13-nji Iýul
Çap edildi 13.07.2015
2055

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçsmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk esasy we goşmaça jeza çärelerini çekmekden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamuhammedow we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarow Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2015-nji ýylyň 15-17-nji iýuly aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde gulluk iş saparynda bolarlar. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmelere gatnaşmak hem-de Pariž şäherinde ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek üçin, 2015-nji ýylyň 16-18-nji iýuly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow