Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 14.10.2026
15

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna beslenen şu ýylyň sentýabr aýy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň oňyn daşary syýasy ugrunyň üstünliklerine hem-de öňdengörüjiligine şaýatlyk edýän wakalara baý boldy.

Abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly ähmiýet bermek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy meseleleriň esasy wezipeleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak, bu ugurda tagallalary birleşdirmek boýunça anyk teklipleri öňe sürüp, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. 2-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda «Parahatçylyk medeniýetini ilerletmekde zenanlaryň liderligi» atly Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanyp guralan ýokary derejeli foruma Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Forumyň plenar mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Bitaraplygyň dostlary toparynyň bu mowzuk boýunça eýeleýän ornuny beýan etdi. Çykyşda parahatçylyk medeniýeti bilen Bitaraplyk syýasatynyň özara ýakyn arabaglanyşygynyň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalarda öz beýanyny tapandygy bellenildi. Öňüni alyş diplomatiýasyna, parahatçylyk gepleşiklerine, şeýle-de parahatçylygy berkitmek bilen bagly beýleki işlere zenanlaryň gatnaşmagyny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy BMG-niň çäginde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny hem-de halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gural hökmünde bitaraplygyň mümkinçiliklerini öňe sürmek boýunça ýurdumyzyň yzygiderli alyp barýan işleriniň dowamydyr.

11-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki maksatnamalary we başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Geçen aýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak we kesgitlemek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy we Suw diplomatiýasy boýunça sebit okuw maslahaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamany döretmek baradaky teklip 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» sammitinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň Ylmy-maglumat merkeziniň, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň, Halkara Suw serişdelerini dolandyrmak institutynyň, ÝUNESKO-nyň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iki günläp dowam eden mejlisiň barşynda Aral deňziniň sebitinde özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň Ýörite maksatnamasyny ösdürmek ugrundaky ileri tutýan garaýyşlary duşuşygyň möhüm bölegi boldy. Şeýle hem sebitiň döwletleriniň bu ugurda özara hereket etmäge degişli pikirleri beýan edildi. Ikinji sebitara duşuşygyň netijeleri boýunça “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” mundan beýläk-de ilerletmegiň formaty boýunça gatnaşyjy döwletleriň Jemleýji syny kabul edildi.

Ýewropa döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda türkmen-niderland gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi.

Taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem işewür toparlaryň ugry boýunça özara hereketleri giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljeginiň uludygy nygtaldy. Limburg welaýatynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde bellenildi. Nygtalyşy ýaly, atçylyk däplerine bolan umumy gyzyklanma Türkmenistan bilen Niderlandlaryň arasynda medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Sebitara hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyz Hazar deňzi boýunça gatnaşyklara degişli esasy meseleleriň çözülmegine jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşýär. Şunuň bilen baglylykda, 7 — 18-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly 11-nji halkara okuw maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Hazar deňzi instituty we Halkara umman instituty bilen bilelikde gurady.

Sebitdäki özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ugurdaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu okuw maslahatynyň maksatnamasy ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär we Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň wekillerini bir ýere jemleýär. Onuň çäklerinde halkara deňiz hukugy, şeýle-de Hazaryň ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnama laýyklykda, 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

9-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu babatda hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Fransiýa Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand bilen geçiren duşuşygynda taraplaryň däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

Sentýabr aýynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewin bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunda yzygiderli dialogy saklamagyň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýdançalarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi.

Merkezi Aziýa döwletlerini we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny birleşdirýän «C5+1» formatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şeýle-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri sentýabr aýynda geçirilen bu köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda sebitdäki özara hereketleri işjeňleşdirmek we bilelikdäki başlangyçlary öňe sürmek üçin «C5+1» guralynyň çäklerindäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamy hem bu agzalan formatdaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry bolup durýar. Bu mowzuk 15-16-njy sentýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň döwlet düzümleriniň, ugurdaş halkara kompaniýalaryň we hünärmenler bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen «C5+1: ynamdar emeli aň we sanlylaşdyrma» atly okuw maslahatynyň gün tertibine girizildi. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, şol sanda häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak, emeli aňy ösdürmek, kiberhowpsuzlygy we sanly infrastrukturanyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça pikir alşyldy.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirip, onuň barşynda ýurdumyzyň 2026-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle hem Arkalaşygyň formatynda ýokary we iň ýokary derejedäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns çekildi.

Ertesi gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine Arkalaşygyň giňişliginde bar bolan köpugurly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, iri yklym, sebit we halkara taslamalaryna gatnaşmak, häzirki zaman ulag we energetika infrastrukturasyny, senagat we tehnologiýa zynjyrlaryny döretmek döwletara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. GDA döwletleriniň hem-de halklarynyň arasynda däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Mejlisiň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi we tassyklanyldy.

Geçen aýyň wakalary Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. 11-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça döwlet ministri Kenji Ýamada bilen geçirilen duşuşykda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň durnukly häsiýeti, ony geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça ösdürmek, işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we aýlawly ykdysadyýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirildi. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň möhüm orny bellenildi.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň 15-nji sentýabrda Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo we Bilelikdäki ösüş komitetiniň başlygy Li Dal Gon bilen geçiren duşuşyklarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, şol sanda innowasiýalar we döwrebap tehnologiýalar, ykdysadyýet hem-de işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly ýurda bolan döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň dowamynda guraldy.

14-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, moldowa tarapyndan parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burduža bilen geçirilen duşuşykda döwletara gatnaşyklarda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça işjeň gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmäge taýýardygy beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine hem üns berildi.

18-nji sentýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen brifing BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryna, şeýle-de sebit we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli öňe sürmegiň, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmegiň meselesine, ýurdumyzyň netijeli parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryna, şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. Energetika arabaglanyşygy, durnukly ulag, howa şertleri, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ynsanperwer ulgamlaryna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara hukuga hem-de Türkmenistanyň BMG-niň ulgamynyň edaralarynyň işine gatnaşmagyna bagyşlanan mowzuklara hem garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi.

19-njy sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň gün tertibine geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemleri we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birleşigiň işiniň esasy ugurlary girizildi. Forumyň wekilleriniň — DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň agzalarynyň çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandygyny iş ýüzünde subut edýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy pugtalandyrmakda, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde birleşigiň nobatdaky maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.

26-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen geçirilen duşuşykda hukuk goraýyş ulgamynda we parlamentler ugry boýunça türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Parlamentara dostluk toparlarynyň alyp barýan işine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigine kanagatlanma bildirildi. Ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň döwletara dialogy has-da pugtalandyrmakda esasy şert bolup durýandygy nygtaldy. Bu babatda şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.

30-njy sentýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirilip, türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ony ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegi, şeýle-de köptaraplaýyn meýdançalardaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýlelikde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilen sentýabr aýy halkara ähmiýetli wakalara baý bolup, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de köpugurly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ygrarlydygynyň nobatdaky beýany boldy.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow