Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 4-nji Mart
Resmi
Resmi habarlar 4-nji Mart
Çap edildi 04.03.2017
5153

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdanguly Magtymgulyýewiç Päliwanow Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Merdanguly Magtymgulyýewiç Päliwanow Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mülkiýew Döwletmyrat Amanmyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary, Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipelerinden boşadyldy. *** Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplara-dahyllylara: oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suwy tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan geçirijileri satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen, olaryň ulanyş möhletinden ugur alyp, 10 ýyla çenli möhlete her ýylda deň paýlarda gaýtarmak şertinde; maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyla çenli möhlete ýeňillikli karzlary bermäge ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow