Baş sahypa
\
Resmi
\
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Resmi
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Çap edildi 08.11.2026
39

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we merdana halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk we guşçulyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek bölüminiň başlygy Rowaç Çaryýewiç Baýramowy,

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bäherden tokaý hojalygynyň baş tokaýçysy Ýusupmuhammet Baýmuhammedowiç Mämmedowy,

“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň “Ahalobahyzmat” önümçilik birleşiginiň Babadaýhan etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň mehanizatory Allanur Nurýagdyýewi,

“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň direktorynyň orunbasary Baýramgylyç Agaýewi,

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň “Gökdepe” çakyr kärhanasynyň işçisi Baýgeldi Amangulyýewiç Baýgeldiýewi,

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Lebapsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň baş direktory Guwanç Narkulyýewiç Kurbanowy,

“Türkmenpagta” döwlet konserniniň “Marypagta” önümçilik birleşiginiň Ýolöten pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjisi Nurgeldi Saparniýazowiç Akmuradowy,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Hurmantgökje” daýhan birleşiginiň işgärler bölüminiň hünärmeni Amangül Jumamyradowna Gulowany,

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gurbanmuhammet Öwezmuhammedowiç Magtymowy,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurmyrat Orazmyradowy,

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Daýhan ädimi” daýhan hojalygynyň mehanizatory Sähet Seýitberdiýewiç Sähedowy,

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndan hususy önüm öndüriji Güljemal Ylýasowna Orazmyradowany,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň “Ýagtylyk” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güýçgeldi Setdarowiç Işanowy,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kümüş Betjeýewna Gökiýewany,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň “Aşgabat” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakaly Ähmedowiç Omarowy,

Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň “Soltanýazgala” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksat Bazarowiç Gurbanowy,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň “Ýalkym” daýhan birleşiginiň mehanizatory Abdulla Hudaýkulyýewiç Jowmardowy,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwran Sapardurdyýewiç Gurbanowy,

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Atçapar adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulnabat Agajumaýewna Rozyýewany,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Akýap” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ýeňiş Nurmyradowiç Jummykowy.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
08.11
Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy
08.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly öz işini tamamlady
08.11
Завершил работу V международный театральный фестиваль «Театральное искусство счастливой эпохи»
08.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
07.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
top-arrow