Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy
Çap edildi 10.10.2026
49

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy. Professor-lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda lukmançylygyň dürli pudaklarynda bilelikde işlemegiň köpýyllyk oňyn tejribesi, saglygy goraýyş ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Lukman Arkadagymyz maksada gönükdirilen tagallalaryň we oýlanyşykly strategiýanyň netijesinde Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda uly üstünlikleri gazanýandygyny belledi. Şunda germaniýaly lukmanlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň özara tejribe alyşmakda we lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň özleşdirilmeginde ähmiýetlidigi barada aýdyldy.

Germaniýaly professor lukmanlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, lukmançylyk edaralarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändigini bellediler. Bu bolsa ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny we olaryň görnüşleriniň yzygiderli artmagyny şertlendirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümleriniň işini düýpli kämilleşdirmäge, ugurdaş ylymlaryň ösdürilmegine, ýokary hünär derejeli işgärleriň taýýarlanylmagyna, öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegine, daşary ýurtly kärdeşler bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda germaniýaly lukmanlaryň hyzmatynyň ýokarydygyny belläp, Milli Liderimiz olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Germaniýanyň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň türkmen lukmanlarynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Germaniýanyň bu ugur boýunça oňyn tejribe toplan professor-lukmanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdiler we saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýän ýurdy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.

Lukman Arkadagymyz germaniýaly tejribeli lukmanlara ýurdumyzda geçirilýän dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow