Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
Çap edildi 10.10.2026
49

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy.

Koreýaly myhman ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Türkmenistanda geçirilýän dabaralar mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdi. Şeýle hem Kim Çžin Pýo ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda guralýan giň möçberli dabaralara gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Myhman Türkmenistanyň ähli künjekleriniň keşbiniň soňky ýyllarda has-da özgerýändigini, ýurtda dünýä ýüzündäki şan-şöhraty belende galan ahalteke bedewleriniň hormatyna giň möçberli dabaralaryň guralýandygyny nygtap, şeýle ösüşlere Koreýa Respublikasynda uly buýsanç bilen syn edilýändigi barada aýtdy we bu işleriň parahatçylygyň we rowaçlygyň aýdyň nyşanydygyny nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanda koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda senagat taýdan ähmiýetli köp sanly önümçilik toplumlarynyň gurlandygyny we saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalary enjamlaşdyrmakda olaryň işjeňlik görkezýändigini belledi. Munuň özi özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary nazarlaýandygynyň güwäsidir.

Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn çözgütleriň kabul edilendigini nygtady. Munuň özi özara hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde gurulýan önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleriniň öwreniljekdigini belledi. Bu bolsa netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine giň ýol açar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygyna hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, koreýaly hyzmatdaşlaryň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi we myhmana alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Soňky habarlar
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt O.Kononenko bilen duşuşdy
10.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy
10.10
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow