Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň bu möhüm halkara çärelere gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň sebitde özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazada geçirilýän çäräniň bolsa netijeli pikir alyşmak we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin mümkinçilik bolup durýandygyny aýdyp, Belarus Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza amala aşyrýan şu gezekki sаparynyň hem ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň Türkmenistanda geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Şeýle hem Prezident Aleksandr Lukaşenko Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandynyň bardygyny aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimize mähirli salamyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň bu gatnaşyklary diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtlarymyz BMG we GDA ýaly halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, bu bolsa döwletara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ulag, himiýa, nebitgaz, dokma senagaty ýaly we beýleki ulgamlary öz içine alýandygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde özara bähbitli netijeleri gazanmagy maksat edinýändigini aýdyp, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandygyny, ylym, medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň iki halkyň birek-biregiň taryhy we medeni mirasy bilen has çuňňur tanyşmagyna ýardam berýän özara Medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, ylmy maslahatlary we beýleki çäreleri guramaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.