Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
Syýasy habarlar
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
Çap edildi 09.10.2026
27

Şu gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­my­za ge­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Ma­sud Pe­zeş­kian bi­len du­şuş­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dost­luk­ly ýur­duň Prezidentini mä­hir­li mü­bä­rek­läp, hal­ka­ra çä­re­le­re gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul edip, ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di.

Prezident Ma­sud Pe­zeş­kian türk­men top­ra­gyn­da mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, «Awa­za» milli sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni bel­le­di hem-de bu çä­re­le­riň döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le hem dost­luk­ly ýur­duň Prezidenti pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Gahryman Arkadagymyza mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan et­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz 2026-njy ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Prezident Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ne hor­mat­ly myh­man hök­mün­de gat­naş­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di hem-de mej­li­siň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ara alyp mas­la­hat­laş­mak, şeý­le hem hal­ka­ra we se­bit gün ter­ti­bi bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak üçin müm­kin­çi­lik dö­re­den­di­gi­ni aýt­dy.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidentiniň Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­gy­nyň onuň Ha­zar­ýa­ka se­bit­de daş­ky gur­şa­wy, bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly me­se­le­le­re ber­ýän gol­da­wy­nyň gör­ke­zi­ji­si­di­gi­ni aý­dyp, bu fo­ru­myň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, eko­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da mö­hüm bin­ýat bo­lan­dy­gy­ny bel­le­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Prezident Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň ýur­du­my­za sa­pa­ry­nyň ne­ti­je­le­ri­niň Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Eý­ran ýur­du­my­zyň ýa­kyn goň­şu­sy, dos­ty we hyz­mat­da­şy­dyr. Türk­men we eý­ran halk­la­ry uzak dö­wür­le­riň do­wa­myn­da hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­la­ry sak­lap gel­ýär­ler. Halk­la­ry­my­zy ta­ry­hy, ru­hy we me­de­ni umu­my­lyk­lar bir­leş­dir­ýär. Bu bol­sa iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­tan bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýan esa­sy ýurt­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag we ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly pu­dak­lar­da ne­ti­je­li we öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar. Soň­ky ýyl­la­ryň gör­ke­zi­ji­le­ri bu gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Me­de­ni-yn­san­per­wer, ylym-bi­lim, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da hem hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek üçin ägirt uly şert­ler bar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bu ugur­da ýur­du­my­zyň ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge we anyk iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Ma­sud Pe­zeş­kian iki ýur­duň kö­pu­gur­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny tas­syk­lap, bi­rek-bi­re­ge we iki dost­luk­ly ýur­duň halk­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.

Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
«Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gä we yl­my mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra
09.10
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
top-arrow