Baş sahypa
\
Sport
\
“Dagyň depesine çykmak” saparynyň taslamasy deňiz derejesinden ýokarda 2500 metr belentlige ýetdi
Sport
“Dagyň depesine çykmak” saparynyň taslamasy deňiz derejesinden ýokarda 2500 metr belentlige ýetdi
Çap edildi 16.02.2017
1921

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ekspedisiýa dowam edýär. Sport – watançylyk çäresi Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna guraldy hem-de Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna bagyşlanýar: milli Tugumyz we Aziada-2017-niň nyşany ýurdumyzyň iň belent nokadyna – Aýrybaba gerşine ýetiriler. Daga çykmagyň birinji tapgyrynda deňiz derejesinden 2 müň metr belentlikdäki nokada ýetildi. Bu çärä gatnaşyjylary dag gerşiniň ýokarky nokadyna ýakynlaşdyrjak ýörişiň nobatdaky bölegi ýarym kilometre niýetlenendir. Göräýmäge, munuň özi uly bolmadyk aralykdyr, ýöne ýokaryk çykdygyňça, agyr goş haltaly ýüküň bilen garyň üstünden ýöremek kynlaşýar. ...Säheriň şöhleleri çadyrlaryň aýnalaryndan içerik geçip, taslama gatnaşyjylary oýanmaga hem-de ýyly ýorgandan turmaga mejbur etdi. Daga dyrmaşyjylaryň arasynda biziň ýörite habarçymyz hem bar. Günüň irki şöhleleri dag gerişleriniň üstüne abanyp duran asmany dürli öwüşginli reňklere bezedi. Daş-töwerege galyň gar ýagypdyr, ol çadyryň daş-töweregini basyp, arçalaryň şahalaryny aşak egipdir. Alpinistleriň ertirlik nahary ýeňil bolmalydyr we şol bir wagtyň özünde adamyň bedenine ýeterlik derejede güýç-kuwwat bermelidir. Syýahatçylyk ertirlik naharyndan soňra dagyň beýik ýerinde düşlegdäki çadyrlar goş haltalara ýygnaldy, düşlegiň ýerinde bolsa diňe tekiz gar meýdançalary galdy. Indi bolsa ýolagçylar eňňit boýunça beýik gaýanyň basgançagyna galmalydylar, onuň eteginde arçalar gür ösýärdi. Tomsuna bu ýerde dag ýodajygy geçýär, ýöne gyşyna ony görüp bilmersiň, şoňa görä-de, öňe çak bilen gitmeli bolýar. Agaçlaryň arasynda köp gar toplanypdyr, kä ýerde gar gatlagynyň galyňlygy bir ýarym metrden hem geçýär. Badyňy gowşatmazlyk üçin, bu ýerde aýratyn usul bilen hereket etmeli bolýar, şunda ygtybarly daýanjy döretmek üçin gary aýaklaryň bilen depgiläp berkitmek zerur bolup durýar. Lyžanyň taýaklaryna meňzeş treking taýajyklary hem söýget bolup hyzmat edýär. Öňde barýan adama uly agram düşýär, çünki, öňbaşçy hökmünde, ol garyň üstünden ýol ýasamaly bolýar. Onuň yzyndan barýanlar nobatdaky ädimi ätmek mümkinçiligine garaşyp, hatda üşemeli hem bolýarlar. Şeýle ýagdaýda içinden şemal geçmeýän eşikler: kurtkalar we döwrebap sintetiki materiallardan taýýarlanan lybaslar bugy ýeňillik bilen çykarýar, ýöne ýylylygy gowy saklaýar hem-de çygdan goraýar. Garyň aýakgaba düşmezligi üçin köwşüň hem-de balagyň arasyndaky bölegi ýörite taýýarlanan berk mata bilen ýapylýar. Tomsuna garanyňda, gyşyna gün gözýetimden has pes galýar, ýöne gar gatlagy şöhleleri yzyna serpikdirip, tomusdaky ýaly şöhläni döredýär. Şoňa görä-de, gündizine belent dagda ultramelewşe şöhleden goranmak üçin, hemme wagt – açyk howada hem, ümürli howada hem günden goraýan äýnek dakynmaly bolýar. Lyža nikaplary deriňi ýakyp barýan şöhlelerinden goraýar. Ine, şeýle ygtybarly egin-eşiklerde biziň toparymyz kert gaýanyň gyrasyna barha golaýlaşýar. Dag eňňidi has dik häsiýete eýe bolýar, bu ýerde arça agaçlary her ädimde duş gelýär, olaryň ýokarky püri täsin görnüşe eýe bolýar. Öňde gar basan giň dag tekizligi ýaýylyp ýatyr, ol ýerde arça agaçlary seýrek ösýär. Dagyň beýik ýeriniň sowuk howasy arçalary özüne golaýlaşdyrmaýar, ýolda duş gelýän arça agaçlary has seýrekleşýär. Dag tekizliginiň merkezi böleginde ösýän gülli üçgat ösümligi bu garly meýdança özboluşly öwüşgin çaýýar. Bu ösümlikleriň kiçiräk tokaýa ýerli ýaşaýjylar tarapyndan sarpa goýulýar. Dag belentliginiň gazaply şertlerinde arçanyň seýrek ösýän ýerlerinde, üçgatyň kuwwatly şahaly agaçlary duýdansyz peýda bolýar. Olar gür we owadan tokaýlygy emele getirýär. Şu jelegaýlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen, otuz ýyl mundan ozal döredilen Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri tebigatyň bu täsinligini içgin öwrenýärler. Umuman, Köýtendagyň biologiki köpdürlüligi haýwanlaryň iki ýüz görnüşinden, guşlaryň 120-den gowrak hem-de ösümlikleriň müňe golaý görnüşinden, şol sanda seýrek duş gelýän endemiki ösümliklerden ybaratdyr. Bu ýerde botaniki täsinlikler hem köp bolup, halk rowaýatlarynyň ençemesi şolaryň taryhy bilen baglydyr. Biziň günlerimize gelip ýeten rowaýata görä, syýahat edip ýören bir keramatly kişi Köýten obasynyň golaýyndan akýan çeşmäniň ýanyna gelip saklanypdyr, dynç alasy gelipdir, emma töwerekde hiç hili saýa bolmandyr. Şonda ol öz hasasyny ýere dürtüpdir, hasa gögeripdir. Birnäçe wagt geçenden soň çeşmäniň golaýynda unaby agaçlarynyň saýaly jeňňelligi döräpdir. Häzir ol hakyky tebigy ýadygärlige öwrüldi. Hatda tomsuň jokrama yssysynda hem bu ýer salkyn bolýar, çünki agaçlaryň gürlügi gün şöhlesini geçirmeýär. Köýtendaglylaryň arasynda bu jeňňellik “Çilon ata” diýen mukaddes ýer hökmünde tanalýar. Belentlige çykyp barýan ikinji topar gije hut şu jeňňelligiň golaýynda dynç alar. Ýöne entek oňa baryp ýetmek gerek, ol göräýmäge golaý ýalydyr-garyň içi bilen ýoda çekip, belentlikden geçmek gerek. Bu ýer açyklyk bolup, öwüsýän şemal gary aşaklygyna-jülgäniň içine sepeleýär, gaýalara tarap üfläp, olaryň jaýryklaryny doldurýar. ....Köýtendagyň käbir ýerleriniň taryhy millionlarça ýyllary öz içine alýar. Gaýalaryň arasyndan akýan suwlar boşlugy emele getiripdir we olary kalsiý karbonaty bilen doldurypdyr, soňra ol gaýalaryň ýüzünde syrygyp toplanypdyr. Eger suwuň ugrunda suwy özüne siňdirmeýän dag jynslary gabat gelse, suw keseligine akypdyr. Netijede uly karst boşluklary emele gelip, olar öz arasynda birleşipdir hem-de içi syrly we ertekilerdäki gözelligi öz içine alýan tebigy gowaklary emele getiripdir. Bu hadysa aýratynda Garlyk şäherçesiniň golaýyndaky Günbatar dag eňňidinde göze ilýär. Bu ýerde oýlar we boşluklar köp duş gelýär. Şeýle oýlaryň birinde çuňlugy 70 metrden gowrak bolan gowak hem-de ýerasty köl bolup, 1979-njy ýylda onda kör balyk tapylýar, soňra ony Köýten kör balygy diýip atlandyrypdyrlar. Çyralaryň şöhlesi düşende oýuň çygly angidrit diwarlary ýylpyldaýan otlar bilen uçganaklaýar. Bu ajaýyp gözellik ýerastyndaky ertekiler dünýäsine eýýäm gelip gören adamy hem tolgundyryp bilýär. Täsin galdyrýan gowaklaryň ýene-de biri üç kilometre uzalyp gidýän Hoşm-Oýyk diýlip atlandyrylýar. Ol Garlyk şäherçesiniň demirgazyk-gündogarynda, ýokary ýura gatlagynyň gipsleriniň we hekleriniň çägindäki oýlukdan başlanýar. Jahankeşdeler bu ýere giren badyna dikaşaklygyna düşmeli bolýarlar, ýol olary uly zala alyp gelýär. Soňra gowak kiçi galareýalaryň, ugurlaryň ençemesine bölünýär. Bu gowakdaky stalaktitleriň ençemesi “ördegiň aýaklary” görnüşinde-anemolitler köp duş gelýär. Gürrüň kristallaryň şemalyň öwüsýän tarapyna ösýänligindedir. Zallaryň käbirinde ak gar ýaly gips dürli görnüşdäki “buz daglaryny” emele getirýär, kä halatda bolsa dinozawrlary, pilleri, guşlary ýatladýar. Köýtendagyň köp sanly oýluklarynyň iň ulusy Kap-Kutan gowragy bolup durýar. Onuň uzynlygy 56 kilometre barabar bolup, ol dünýäde iň uzyn gowaklaryň biri hasaplanýar. Bu ýerde mermer oniksi dürli görnüşde bolup, gara-goňur reňklisi has owadan görünýär. Bu gowagyň käbir zallarynyň we galereýalarynyň poly göýä dürli reňkli daşlardan—antoditlerden we gelektitlerden gurlan ýaly bolup dur. Mundan başga-da gowakda süýji suwly çeşmeler bolup, gowak “dürüniň” hem-de kristal gipsinden özboluşly dag jynslaryny özünde jemleýän uly bolmadyk köller ýerleşýär. Gülşirin gowagy Köýtendagyň tebigy gowaklarynyň içinde aýratyn gözelligi bilen tapawutlanýar. Ol Hoşm-Oýyk gowagyndan demirgazyk-gündogardaky jülgäniň sag tarapyndan ýerleşýär. Bu ýerde uly zallaryň köp sanlysy bolup, olaryň gümmezleri 50 metre ýetýär, diwarlar bolsa antiditler, gelektitler görnüşindäki, syrygyp toplanan gipsler bilen bezelip, hrustal çyralary, hrizantemalary we beýleki şekilleri ýadyňa salýar. Çyglylygynyň köplügi sebäpli käbir zallaryň ýeri gülleriň görnüşindäki daşlaryň “jeňňelliklerine”, goňrumtyl-çal reňkli gipsiň süýümlerinden örülen “ýassyjyklarda” bitýän ýuka iňňe görnüşli gür biten şöhleli kristallara beslenendir. Käbir zallar hem-de galereýalar gips stalaktitlerden we stalagmitlerden bolan hakyky jeňňellik görnüşindedir. Bu ýerde doňup galan daşdan “şarlawuklary”, köp gatly “gotiki” hatarlary, üçekden aşak inýän “perdeleri” hem-de mermer onikisden bolan “baýdaklary” görüp bolýar. Köýtendagyň günbatar eňňidinde barylmagy kyn we syrly bolan gowaklaryň biri Dik gowakdyr. Ony başgaça “Kunstkamera” diýip hem atlandyrýarlar. Onuň dereleriň birinde ýerleşen girelgesi tekiz geçelge boýunça dagyň jümmüşine alyp barýar. Onuň düýbi tozan we ownuk daşlar bilen örtülendir. Garaşylmadyk ýagdaýda birnäçe aralyk geçeniňden soň, edil aýaklaryň aşagynda çuňlygy 100 metre barabar bolan uçut gaýa duşýar. Ony gowagyň edil diwarlarynyň ýanyndan örän seresaplylyk bilen geçmek mümkin. Ýöne ýene-de birnäçe metrden siziň öňüňizde goşalanan iki guýy duşar. Muňa taýýar bolmadyk adam aşak gaçmagy mümkin. Köp asyrlaryň dowamynda diňe haýwanlar däl, eýsem, adamlaryň hem bu gowakda pida bolandygyny aýtmak gerek. Aşakda oňat saklanan mumiýanyň barlygy sebäpli hem ol özüniň ikinji atlandyrylyşyna-- “Kunstkamera” adyna eýe bolupdyr. Köýtendagyň hemme täsin gowaklary döwlet goragynda durýar. Bu ýerde döredilen zakaznik Köýtendag döwlet goraghanasynyň bir bölegidir. Bu ýerlere gelip gören UNESKO-nyň bilermenleriniň tassyklaýşy ýaly, Köýtendag bütindünýä mirasynyň ýadygärlikleriniň hatarynda hem-de halkara syýahatçylygynyň merkezinde bolmaga mynasypdyr. ... Üçgat gülli ösümlikli kiçiräk tokaýlyga ýetip, sapara çykanlar ýatalga gurnap, sowukdan, şemaldan we gardan gorandylar. Olar gazda işleýän enjamlaryň odunda gary eýedip, onuň suwunda ýokumly agşamlyk naharyny taýýarladylar. Belentlige çykmagyň soňky tapgyrynyň öň ýanynda güýç toplamak gerek. “Dagyň depesine çykmak” saparynyň taslamasy deňiz derejesinden ýokarda 2500 metr derejedäki belentlige ýetdi! – diýip, habarçymyz habar berdi. Şol belentlige çykmagyň öň ýany birnäçe tehniki ýagdaýlary seljermek hem-de beýige galmak üçin has oňaýly usullary kesgitlemek gerek. Howa çaklamasy boýunça ümür bolmagyna garaşylýar, şemalyň tizligi bolsa biziň ýatalgamyzyň berkligini barlaýar. Ýöne üýtgäp durýan howa päsgel bermez: ugur örän oňat belli we topar daga çykyp bilýän ussat, tejribeli adamlardan saýlanyldy”. Şeýlelikde, saparyň ýene-de bir güni üstünlikli geçildi. Öňde garlardan öwşün atýan Aýrybaba belentligi hem-de 3139 metr bolan arzyly belentlik bar. Şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dikiler hem-de Aziada-2017-niň nyşany eltiler. Bu waka bolsa paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz wezipesine girişmegi dabarasynda bolup geçer. Hormatly Prezidentimiziň ady we alyp barýan işi bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täsin galdyrýan üstünikleri we ýeňişleri aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyz has-da ýokary ruhubelentliň we döredijilik güýji bilen täze belentliklere tarap ymtylýar! “Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň maksady hem şondan ybarat, ýagny, aýdyň maksat, anyk ugurlar, öz güýjüňe ynam, erjellik hem-de sagdyn, güýçli ruh--durmuşda-da, işde-de, sportda-da bize islendik belentliklere hötde gelmäge kömek eder!

Soňky habarlar
26.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
26.11
“Türkmennebit” döwlet konsernine “Iner” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
26.11
Türkmenistan — Hytaý: innowasion ösüşiň ýoly bilen
26.11
Paýtagtymyzda halkara maslahat we sergi geçirilýär
26.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.11
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
25.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatoryny kabul etdi
top-arrow