Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri” strategiýasy yzygiderli ilerledilýär, döwlet ösüşi belent sepgitlere ýetirilýär, ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy barha ýokarlanýar. Hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.
Geçen ýyl biz iki gezek duşuşdyk, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşdyk, şeýle hem hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitledik. Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärin hem-de Siziň bilen halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň bähbidine Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini” gurmagy täze derejä çykarmak üçin tagallalary utgaşdyrmaga taýýardyryn.
Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.
Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Halkyňyzyň bu şanly senäni baýram edýän gününde Aşgabadyň köçeleri milli buýsanja beslener. Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň syýasy özygtyýarlylygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri hökmünde Siziň döwletiňiziň taryhynda aýratyn orun eýeledi. Men bu şanly baýramyň şatlygyny Siziň bilen paýlaşyp bilýändigime buýsanýaryn.
Geçen ýylyň noýabr aýynda Ak tamda Sizi kabul etmek meniň üçin örän ýakymly boldy. Biziň umumy maksady paýlaşýandygymyzy, ýagny ýurtlarymyzyň bähbitlerini birinji orunda goýýandygymyzy bilýärin we iki ýurduň arasyndaky diplomatik hem-de ykdysady gatnaşyklar üçin hoşallygymy bildirýärin. Bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.
Meniň maşgalam hem Size we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Donald TRAMP,
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistan okgunly durmuş-ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Siziň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyňyz Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerinde howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Russiýa we Türkmenistan dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde üstünlikli hereket edýärler. Biz dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça oňyn dialogy hem-de bilelikdäki işimizi dowam ederis.
Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Wladimir PUTIN,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk Türkmenistanyň halkyny mähirli gutlaýaryn. Ata Watanymyz Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan pursadyndan bäri geçen 35 ýyllyk şöhratly ýoluna buýsanç bilen garaýarys.
Umumy taryhymyza, dinimize we medeniýetimize esaslanýan dostlukly gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde hem çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn. Bu formatda 2026-njy ýylyň 11-12-nji noýabrynda Antalýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine, hormatly doganym, Sizi myhman hökmünde ýurdumyza çagyrmaga şatdygymy beýan edýärin.
Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň milli baýramy — ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Şol geçen döwürde Bitarap Türkmenistan ähli ulgamlarda okgunly ösüp, ýurduňyzda parahatçylyk we agzybirlik berkarar bolýar, durmuş-ykdysady ulgamda uly üstünlikler gazanylýar.
Soňky ýyllarda ýurduňyzyň halkara giňişlikdäki abraýy hem barha artýar, bu bolsa hakyky dogan hökmünde bizi buýsandyrýar. Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde, özara hormat goýmak, ynanyşmak, birek-birege goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhundaky gatnaşyklarymyzyň geljekde hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk, rowaçlyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we mundan beýläk-de ösüş arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size we ähli türkmen halkyna öz adymdan hem-de Azerbaýjanyň halkynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin.
Soňky ýyllarda Türkmenistan uly ösüş ýoluny geçip, döwlet Garaşsyzlygyny barha pugtalandyrýar, okgunly durmuş-ykdysady ösüşe eýe bolýar, halkara giňişlikde ýokary abraýdan peýdalanýar. Azerbaýjan doganlyk Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar hem-de ýurduňyzyň dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyny hemişe goldaýar.
Taryhy kökler, umumy milli-ruhy gymmatlyklar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen berk baglanyşykly halklarymyzyň erk-isleginden gözbaş alýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesi hoşallyk duýgusyny döredýär.
Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklarymyz dürli ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, iýun aýynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparyňyza ýokary baha berýäris, onuň çäginde geçiren gepleşiklerimiziň, gol çekilen resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýolunda möhüm sepgit bolandygyny bellemek isleýärin.
Azerbaýjan-türkmen dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, strategik hyzmatdaşlygymyzyň halklarymyzyň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa hemişe parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de ýurduňyzyň Hökümetine, şeýle hem türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Taryhy kökler, dini we medeni umumylyklar Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde möhüm binýat bolup durýar. Şeýle umumylyklaryň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm orna eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk dileýärin.
Masud PEZEŞKIAN,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi hem-de ähli türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Özbaşdak ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatynyň nusgasyny görkezýän ýurduňyz raýatlaryňyzyň ýaşaýyş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär, halkara howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly herekete getirjekdigimize hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli täjik halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size hem-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Häzirki wagtda Türkmenistan ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de durmuş-ykdysady ugurda belent sepgitleri eýeläp, guwandyryjy netijeleri gazanýar. Şeýle hem ýurduň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende galýar.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň binýatlarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Täjigistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde döwletara hyzmatdaşlyk hem-de ähli derejedäki dialog üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi strategik gatnaşyklarymyzyň has-da giňeldilmegine ýardam edýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanyp, täjik-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin bilelikde tagalla etjekdigimize ynanýaryn.
Gadyrly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri, dostlukly Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we Hökümetine bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Siziň doganyňyz,
Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL SAUD,
Saud Arabystanynyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýärin.
Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Şeýh Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size hem-de türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Şu aýda Seulda geçirilen “Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa” ilkinji sammitiniň dowamynda Siziň bilen duşuşmak mümkinçiliginiň döredilendigine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ýollary barada giňişleýin söhbetdeşlik geçirendigimize aýratyn şatdyryn. Ýokary derejede geçiren gepleşiklerimiziň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryň ygtybarly binýadynyň goýulmagynyň dürli ulgamlarda yzygiderli pikir alyşmalar arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Size berk jan saglyk we uly üstünlikleri, Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösüş, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edýärin.
Li Çže MÝON,
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti.