Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş zehinleri!
Mähriban çagalar!
Sizi Garaşsyzlyk güni mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri, şan-şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi, bagtyýar döwranymyzy kalbyňyzdan joşup çykýan şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen mynasyp beýan etmekde ýoluňyz hemişe ak bolsun!
Türkmen aýdym-saz hazynasy aňyrsyna göz ýetmez ummandyr. Ylymlary, bilimleri we medeniýetleri dörediji millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykan türkmen halky aýdym-saz sungatyna hem ägirt uly goşant goşupdyr. Ynsany bendi edýän mahmal owazly aýdymlarymyz, jadyly sazlarymyz, dutar, gyjak, gargy tüýdük, dilli tüýdük, gopuz, dep ýaly milli saz gurallarymyz biziň köpasyrlyk milli aýdym-saz sungatymyzyň, medeniýetimiziň we baý ruhy dünýämiziň öçmejek şöhratydyr. Biziň bu egsilmez medeni hazynamyz göwünlerimizi galkyndyrýar, watansöýüjiligimizi, ynsanperwerligimizi, parahatçylyk söýüjiligimizi, agzybirligimizi hem-de şahandazlygymyzy bütin dünýä açyp görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri bolan siziň Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Mustak Aýmedow, Ödenyýaz Nobatow, Sahy Jepbarow, Nurberdi Gulow ýaly nusgawy bagşy-sazandalarymyzyň milli aýdym-saz sungatyndaky däplerini dowam etdirip, jana tenekar aýdym-sazlaryňyz bilen eziz Watanymyza, Garaşsyzlygymyza we Bitaraplygymyza bolan milli buýsanjymyzy, beýik döwrümiziň şanly ösüşlerini, watansöýüjiligimizi we ynsanperwerligimizi dabaralandyrmagyňyz halkymyzy uly ösüşlere ruhlandyrýar, täze belent sepgitlere atarýar. Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi bagtyýar körpelerimizde sungat älemine söýgini döretmek, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak bilen birlikde, milli aýdym-saz sungatymyzyň nesilden-nesle geçip, dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtly çagalygyň, iň arzyly arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdudygyny bütin dünýä ýaýýar.
Berkarar Watanymyzyň saýrak bilbilleri!
Biz ýaş nesillerimiziň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, Garaşsyz Diýarymyzda milli maksatnamalarymyzyň çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralaryny gurmakda nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Bilim işini nazary we amaly taýdan kämilleşdirmek arkaly milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarýarys. Halkara guramalar hem-de dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly ähmiýet berýäris. Biziň toplumlaýyn özgertmelerimiz ýurdumyzyň bilim binýadyny has-da kuwwatlandyrmak bilen birlikde, ilkinji nobatda, Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, bilimli, ylymly, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsir edýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp bilimler dünýäsine ilkinji gadamyny basan körpelerimize «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy, täze orta mekdeplerdir çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy bilim ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda ösýändigine hem-de bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Nurana geljegimiziň eýeleri, ösüşlerimiziň esasy hereketlendiriji güýji bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň ylym we döredijilik dünýäsine, aýdym-saz älemine çuňňur aralaşyp, kämil zehin-başarnyklary bilen ajaýyp üstünlikleri gazanmaklary eziz Watanymyzyň bilimleriň we ylymlaryň, medeniýetiň hem-de sungatyň ýurdy hökmünde halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar körpeleri!
Mähriban çagalar!
Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, çaga kalbyňyzda beslän päk arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, berkarar Watanymyzyň, eziz halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende götermegiňizi arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.