Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 06.09.2026
1727

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Niderlandlar Patyşalygyna saparynyň çäklerinde «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Ahmet Çalyk duşuşmaga wagt tapandygy hem-de ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatyna çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz bilen Niderlandlar Patyşalygynda duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem türkiýeli işewür halkymyzyň dünýä mirasyna peşgeş beren ajaýyp ahalteke atlaryna bagyşlanan dabaralaryň özünde örän ýakymly täsir galdyrandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan tarapyndan Ýewropada guralan şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň atşynaslyk sungatyny tutuş dünýäde dabaralandyrmak ugrundaky başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ahalteke atlarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynyň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmakda mundan beýläk-de ygtybarly köpri bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda hemişe hyzmatdaş ýurtlar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik hem-de özara düşünişmek ýörelgelerinden ugur alýandygyny belledi. Şunda iki dostlukly we doganlyk ýurduň — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli, taryhy gatnaşyklaryň häzirki wagtda birnäçe ugurlarda üstünlikli alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.

Işewür bildirilýän uly ynamyň özi üçin beýik mertebedigini beýan edip, ata Watany Türkmenistanda iş alyp barmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow