Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
Çap edildi 06.09.2026
15

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Mejlise gatnaşyjylaryň ählisine mähirli salam bilen ýüzlenýärin!

Biz Niderlandlara, şu ajaýyp şähere halkymyzyň hoşniýetli arzuw-umytlary bilen, ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistanyň kalbynyň bir bölegini alyp geldik.

Men Onuň Alyhezreti Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra, onuň maşgala agzalaryna hem-de olaryň üsti bilen Niderlandlaryň ähli halkyna myhmansöýerligi we mähirli kabul edendigi üçin mähirli salamymy, iň gowy arzuwlarymy hem-de minnetdarlygymy ýetirmek isleýärin. Şeýle hem men jenap Premýer-ministr Rob Ýettene Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Häzirki mejlis we atçylyk sporty boýunça dünýä çempionaty hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşigi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu çärä ýokary derejede taýýarlyk görendikleri, türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edendikleri üçin, onuň guramaçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirýärin.

Gadyrly dostlar!

Bu gün biziň ählimiz örän ajaýyp wakanyň şaýatlary bolup durýarys. Birnäçe günläp Kronenberg şäheri ahalteke atçylygynyň bütindünýä paýtagtyna öwrüldi. Bu wakalar ahalteke atlary boýunça ähli ussatlaryň, olary ýetişdirýänleriň, barlagçylaryň we hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, halkara bileleşikleriň üns merkezinde boldy.

Men dünýäde bu atlara uly hormat goýýan şeýle adamlaryň köpdügini bilýärin. Olar Aziýanyň, Ýewropanyň, Demirgazyk we Günorta Amerikanyň onlarça ýurduny öz içine alýar. Olar ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek boýunça köp sanly möhüm işleri alyp barýarlar. Bedewleriň şöhratly taryhyny, ajaýyp başarnyklaryny ýaýmakda ýardam berýärler.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkynyň adyndan biziň bütin dünýädäki dostlarymyza hem-de pikirdeşlerimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

Gadyrly dostlar!

Ahalteke atlarynyň kemala gelen we şöhraty dünýä dolan döwleti, jemgyýeti, topragy hökmünde biz egnimize düşýän uly jogapkärçilige düşünýäris. Ahalteke aty türkmeniň kalbydyr. Halk, ýurt hökmünde taryhymyzyň, aň-düşünjämiziň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistan Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, ahalteke atlarynyň arassa tohumlaryny dikeltmek we ösdürmek işinde biz, ozaly bilen, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däplerine, tejribesine daýandyk. Esasy döwlet nyşanymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Ahalteke atlarynda ylmy-barlag işleri geçirildi, olaryň saglygyna we ösüşine gözegçilik etmegiň ulgamy döredildi. Ylmy taýdan esaslandyrylan seçgi işi ýola goýuldy. Munuň özi diňe bir örän möhüm döwlet işi bolman, eýsem, öz taryhymyzyň öňündäki borjumyzdyr. Geljekki ösüşimiz, öňe gitmegimiz we halkara hyzmatdaşlygymyz üçin berk binýadyň bir bölegidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ahalteke atçylygy ulgamynda uly işler ýerine ýetirildi. Men şu ýerde diňe birnäçe mysallary getireýin:

— ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabat şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy dünýä derejeli we ähmiýetli ylmy-tejribe merkezine öwrüldi;

— atlaryň arassa ganlylygyna berk gözegçilik etmek üçin, öňdebaryjy DNK-testlemek usuly ornaşdyryldy. Elektron maglumat binýady döredildi;

— ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy öz işini yzygiderli ösdürýär. Ol dünýäniň onlarça ýurdundan atşynaslary özünde birleşdirýär;

— ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi möhüm waka boldy;

— 2012-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilýän Türkmen bedewiniň gününe bagyşlap her ýyl «Ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem döredijilik işgärleriniň arasynda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşik yglan edildi. Ýöne munuň özi bu ugurda edilen we edilýän işleriň hemmesi däldir. Umuman, ahalteke atlaryny gorap saklamak we ösdürip ýetişdirmek işi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň strategiýasynyň örän möhüm, düýpli ugry bolup durýar. Şu ýere dünýäniň onlarça döwletine wekilçilik edýän, ahalteke atlarynyň köp sanly assosiasiýalarynyň wekilleri ýygnandy. Şoňa görä-de, muňa giň möçberli halkara waka diýsek bolar. Bu gatnaşyklar has-da berkeýär, täze gatnaşyklar we görnüşler bilen baýlaşýar. Ahalteke bedewleri dürli milletlerden bolan dürli hünärdäki, dürli ýaşdaky adamlary birleşdirýär. Öňde goýlan maksatlara tarap bilelikde gitmäge çagyrýar.

Ahalteke atlary wepalylygyň, gözelligiň, akyl-paýhasyň we gaýduwsyzlygyň nusgasydyr. Bularyň ählisi hemme halklara ýakyn we düşnüklidir. Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňden makullaýar we goldaýar, ahalteke bedewlerine, atly sport ýaryşlaryna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmäge öz goşandyny goşmaga, ýöriteleşdirilen ylmy-barlag işine ýardam bermäge we ýakyndan gatnaşmaga-da taýýardyr. Biziň bu ýolda uly üstünlikleri gazanandygymyzy aýtmak isleýärin. Ahalteke bedewleriniň giň gerimli milli hem-de halkara çärelere gatnaşmagy ýokary baha mynasyp boldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, 2026-njy ýylda Ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklandy. Bu bolsa Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de ösdürmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

Şu ýylyň ýanwarynda Monte-Karloda geçirilen nobatdaky halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropanyň Sirk assosiasiýasynyň halkara güwänamalarynyň gowşurylmagy ajaýyp waka boldy. Ýylyň adyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. «Galkynyş» toparynyň şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherindäki täsirli çykyşy hakyky dostlugyň we sungatyň baýramçylygyna öwrüldi, ol türkmen atçylygynyň baý däplerini görkezdi. Behişdi bedewler we olaryň çapyksuwarlary maý aýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen atçylyk sporty boýunça ýaryşda hem-de «Gündogaryň merjeni» gözellik bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler. «Aziýanyň çempiony» we «Dünýä çempiony» diýen hormatly atlara, şeýle hem beýleki baýraklara mynasyp boldular. Şol aýda Kazanda geçirilen halkara ýaryşda hem türkmen çapyksuwarlary baýrakly orunlary, kuboklary eýelemegi başardylar, ahalteke atlarynyň hormatyna döredilen ýörite baýraklara mynasyp bolup, öz gaýtalanmajak ussatlygyny görkezdiler. Şeýle hem biziň wekiliýetimiziň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Windzor galasynyň çäklerinde geçirilen atly çärelere gatnaşandygyny bellemek gerek.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň VIII Halkara etnosport we medeniýet festiwalyna gatnaşmagy şu ýylyň ýylýazgysyna giren ýene-de bir şanly waka boldy. Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen bu çärede «Galkynyş» topary ýokary baýraklara mynasyp boldy. Bu çäreleriň dowamynda türkmen wekiliýetiniň öz kärdeşleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirildi.

Biz bütin dünýäde ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen gatnaşyklary tutanýerli we belli bir maksat bilen berkidýäris. Şeýlelik bilen, 2026-njy ýylda yglan edilen döwlet şygaryny — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny üstünliklere besleýäris. Biz geljekde hem öňde goýlan ähli maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýardyrys. Bu ugurda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky köp sanly dostlarynyň, hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň, şol sanda şu mejlise gatnaşýanlaryň goldawyny we ýardamyny duýýandygy guwandyryjydyr.

Hormatly adamlar!

2026-njy ýylda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň arasyndaky gözellik bäsleşigi Ýewropa giňişliginde ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny hem-de şan-şöhratyny artdyrmakda esasy waka bolup durýar. Ol bolsa Ýewropanyň iň abraýly atly sport merkezleriniň biri bolan Kronenbergde geçirilýär. Sizi onuň başlanmagy we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň häzirki açyk mejlisiniň geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Halkara derejede giň we wekilçilikli düzümiň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz muny dünýä ahalteke bedewlerini sowgat beren Türkmenistana, halkymyzyň gadymy, baý hem-de özboluşly taryhyna we medeniýetine goýulýan hormat hökmünde kabul edýäris.

Size berk jan saglygyny, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäheri)

Soňky habarlar
07.09
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
06.09
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasyny gutlady
06.09
Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
06.09
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
06.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisindäki çykyşy
06.09
Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
06.09
Niderlandlar Patyşalygynda behişdi ahalteke bedewleriniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
06.09
Watanymyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna gurmak we döretmek ýoly bilen
04.09
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
04.09
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow