Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, döwrebaplaşdyrylýan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Gün-günden gözelleşýän Arkadag şäheriniň keşbinde häzirki zamanyň ösen tejribesi, binagärligiň döwrebap usullary öz beýanyny tapýar. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işlerini çaltlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilelikde tagalla edýärler. Ikinji tapgyrda gurulmagy meýilleşdirilen desgalaryň taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň berklik, amatlylyk derejesi häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa şähergurluşyk maksatnamasynyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny, Arkadag şäheriniň dürli maksatly desgalarynyň bir bitewi binagärlik sazlaşygyny üpjün edýär.
...Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň 30 müň adama niýetlenen metjidiniň çäklerinde gurulýan muzeýiň ýanyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz muzeýiň binasynyň daşky keşbini we bezeg aýratynlygyny synlady. Hajy Arkadagymyz muzeýiň içiniň, daşynyň bezeg işlerine, binanyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda maslahatlaryny berdi.
Milli Liderimiz binanyň içine girip, bu ýerde oturdylan sanly tanyşdyrylyş ulgamynyň aýratynlyklaryny gözden geçirdi. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän däpleriniň häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini subut edýär. Bu ýerde halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän gymmatlyklar öz beýanyny tapar. Muzeýiň gymmatlyklary sanly ulgam esasynda görkeziler. Munuň özi Arkadag şäherinde zähmet çekýän ýaşlaryň pikirleriniň peýdalanylmagynyň netijesidir. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara, olaryň tekliplerine wajyp ähmiýet berilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde-de ýaşlaryň pikirlerini netijeli ulanmagy maslahat berýär. Çünki döwrebap pikirleniş ukybyna eýe bolan ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir. Arkadag şäheri hem ýaş, döwrebap şäherdir. Arkadagly ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden oňat baş çykaryp, internet arkaly innowasion tehnologiýalara degişli derejede erk edip bilýärler, intellektual mümkinçilikleriň ähmiýeti barada düşünjelerini paýlaşýarlar.
Bu ýerde döwrebap tehnologiýaly, 3D monitorly animasiýa görnüşli wideoşekiller görkezildi. Emeli aň tehnologiýasy ornaşdyrylan monitorda taryhda şöhratly yz goýan we häzirki döwrümiziň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri ýerleşdirilen halylar görkezilip, olar barada giňişleýin maglumat berilýär. Maglumatlarda halylar, bedewler, türkmen tebigaty öz beýanyny tapýar. Gözellikleriň ählisi haly çitimlerine siňendir. Bu tanyşdyrmalaryň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde amala aşyrylmagy ýola goýlupdyr. Monitor arkaly gözleýän ugruňa degişli düwmäni basyp, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp bolýar. Innowasion tehnologik gurluşly monitoryň ýüzünde Watanymyzyň gözel tebigatyny, dag-derelerde, ýaýlalarda ahalteke bedewleriniň we taýçanaklaryň çapyp barýan pursatlaryny, bedew şekilleri çitilen halylary 3D görnüşli animasion wideoşekiller arkaly synlap bolýar. Bu bolsa muzeýe gelýänlerde täsin duýgulary döreder.
Milli Liderimiz bu görnüşleri synlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa birnäçe degişli belliklerini aýdyp, maslahatlaryny berdi hem-de şunda ýaşlaryň pikirlerini köpräk peýdalanmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Ahalteke bedewiniň türkmen halysy we tebigatymyz bilen utgaşmasy ajaýyp sazlaşygy döredýär. Milli mirasymyza degişli gymmatlyklarymyzyň tebigat bilen aýrylmaz arabaglanyşyklydygyny halkymyza, şol sanda bu ýere geljek daşary ýurtly myhmanlara görkezýäris” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de şeýle innowasion tehnologik gurluşly sanly ulgamy muzeýiň ähli ýerinde ornaşdyrmagy maslahat berdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygyna Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çäginde taslamalary amala aşyrylýan çagalar bagynyň hem-de daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň şekil taslamalary we çyzgylary görkezildi. Bu ýerde D.Orazow şekil taslamalary, olara degişli alnyp barylýan işler boýunça maglumat berdi.
Çagalar baglaryna, mekdeplere degişli taslamalar ýurdumyzda çagalar hakyndaky aladanyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiz ýaşlar baradaky aladany hemişe öňdäki orunda goýup, olaryň hemmetaraplaýyn düşünjeli, döwrebap pikir-garaýyşly, sagdyn ösüp, hakyky watançylar bolmaklarynyň ýurdumyzyň geljekki ykbalyny kesgitleýän güýçdügini nygtaýar. Şoňa görä-de, bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürlenen şekil taslamalary hem şol işleriň nobatdaky aýdyň mysalydyr. Taslamalarda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygynda ulanylmagy meýilleşdirilýän ýere düşeljek we diwarlara goýuljak mermer bezeg daşlarynyň dürli görnüşleri görkezildi.
Halk Maslahatynyň Başlygy şekil taslamalary, berlen maglumatlar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe belliklerini aýdyp, käbir düzedişleri girizdi hem-de degişli maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz çagalar bagynyň, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiň milli aýratynlyklar esasynda degişli bezegler bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. “Çünki ýaşlar alan milli terbiýesi esasynda geljekde ösüşlere goşant goşup, Watanymyzyň bedew badyna dahylly bolarlar. “Şoňa görä-de, olaryň häzirki wagtdan kalbynyň, aňynyň millilige ýugrulan watansöýüjilik ruhuna baý bolmagyny gazanmak gerek” diýip, Milli Liderimiz aýtdy.
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi ugrunda has amatly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine olaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri giňeltmäge gönükdirilendir. Ýaş raýatlaryň hukuk, durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek Türkmenistanyň ýaşlar strategiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, täze wezipeler kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap çagalar baglary we mekdepler gurulýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaşlar Watanyň daýanjydyr. Olar ýurdumyzyň geljegidir.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiz toplumyň atly sport oýunlary binasyna geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow hem çagyryldy. Milli Liderimize Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryndan, Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden ugur alnyp taýýarlanylan şekil taslamalary görkezildi.
Wise-premýer T.Atahallyýew toplumy döwrebaplaşdyrmak, şol sanda onuň daş-töweregini abadanlaşdyrmak, mundan beýläk-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berdi. Topluma degişli binalaryň içki we daşky durkuny özgertmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada giňişleýin durlup geçildi.
Hormatly Arkadagymyz beýan edilen maglumatlar we görkezilen şekil taslamalary bilen tanşyp, olara degişli käbir belliklerini aýtdy, maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz atşynaslardan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýerdäki at çapyşyklaryna niýetlenen ýodanyň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilende, onuň düşegine öz ýurdumyzyň topragynyň ulanylmalydygyny belledi. Çünki türkmen topragy arassalygy, peýdalylygy bilen tapawutlanyp, bedewleriň çapyşygynda olaryň aýak urşuna kybap gelýär. Halk Maslahatynyň Başlygy topluma gelýänleriň ahalteke bedewlerimiziň çykyşlaryny, dürli çäreleridir ýaryşlary, şol sanda at çapyşyklaryny synlamaklary üçin ähli amatlyklaryň bolmalydygyny aýratyn nygtady. “Özi-de halkymyzyň milli aýratynlyklaryndan ugur alnyp, bu ýerde döredilýän amatlyklar Köpetdagyň bu ajaýyp künjeginiň tebigy şertleri bilen sazlaşykly utgaşmalydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde-de sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmalydygyna ünsi çekip: “Toplumyň çägindäki muzeýiň, edara binasynyň haýatlarynyň we bassyrmalarynyň her biriniň döwrebaplaşdyryş işleri öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmelidir. Bu ýerdäki Aba Annaýew şäherçesinde ýaşaýan atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyryp, olar üçin has amatly şertler üpjün edilmelidir hem-de bu işleriň gadyr-gymmatyna oňat düşünilmegi gazanylmalydyr” diýip nygtady. Bellenilişi ýaly, at çapyşyklaryna niýetlenen toplumyň aýlaw meýdançasynyň ýaşyl zolakly böleginiň merkeziniň bezeg serişdeleri yşyklar arkaly döwrebaplaşdyrylmalydyr, şonuň ýaly-da toplumyň gijeki görnüşleri dürli yşyklandyryjy we ýagtylandyryjy serişdeler bilen şugla saçmalydyr. Gahryman Arkadagymyz bu babatda maslahatlaryny berip, amala aşyrylýan işleriň Watanymyzyň ýokary we döwrebap derejede uly ösüşleri gazanýandygyny alamatlandyrmalydygyny belledi. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolar.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň atly sport oýunlary binasynyň ýapyk manežine baryp, adaty endigine görä, öz seýislän Hanbeg atly bedewi bilen didarlaşdy hem-de ynsan gylykly bedewinde birsellem gezim etdi. Aty seýislemek we at çapmak boýunça baý tejribe toplan Milli Liderimiz bedewi ilki gorgunyna goýberdi, soňra bolsa az-kemden onuň badyny artdyrdy. Şol pursat atyň bady tizlendi. Şeýle pursatlarda ösüşleriň belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzyň okgunly gadamlary öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklamagy şu ýylyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. “At — myrat” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler toý-baýramlaryň baş bezegidir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň bedewleri bilen baglanyşykly dünýä nusgalyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde has-da ösdürilýär. Şunda Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri baradaky düýpli ylmy-köpçülikleýin eserleri örän uly ähmiýete eýedir. «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarda gözbaşy müňýyllyklara uzaýan ahalteke atlarynyň özboluşly aýratynlyklary açylyp görkezilýär.
Gahryman Arkadagymyz Hanbeg atly bedewde gezim etmegini tamamlady. Munuň özi ynsan bilen bedewiň birek-birege bolan garaýşynyň çuňňurdygynyň aýdyň nyşanydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy belende göterilýär. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýä derejesinde gazanan köp sanly üstünliklerini bellemek gerek. Ýakyn günlerde bolsa ahalteke bedewleriniň şanyna Niderlandlar Patyşalygynda halkara çäreler geçiriler. Bu bolsa türkmeniň milli gymmatlygynyň dünýädäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagynda taryhy waka öwrüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň girelgesiniň ýanynda ýerleşdirilen şekil taslamalaryny synlady. Olarda Arkadag şäheriniň Ahalteke atlary şaýolunyň “Taýçanak” binasyndan “Polatly” binasyna çenli aralykdaky ýoluň gurluşygyna degişli çyzgylar, şekiller görkezildi. Bu şekil taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow maglumat berip, işleriň alnyp barlyşy, ulanylmagy göz öňünde tutulýan gurluşyk, bezeg serişdeleri we beýlekiler barada aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça işleriň depginini gowşatmaly däldigini belledi we ýoluň gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, ýollarda ulaglar, adamlar üçin oňaýlylyk we rahatlyk gazanylmalydyr. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýoluň ugrunda döredilýän bagy-bossanlyga-da aýratyn üns berilmeginiň, onuň gyralarynda atlaryň heýkelleriniň öz wagtynda, ýokary hil derejesinde oturdylmagyny üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň hem-de beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary işlerini sazlaşykly gurap, utgaşykly alyp baranlarynda, ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny aýdyp, öz maslahatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.