Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara toparyň 2026-njy ýylyň geçen döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi, şeýle-de adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu topar Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleri amala aşyrýar. Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi we halkara kadalaryň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylýar. Mejlisde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň esasy wezipeleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Türkmenistan Durnukly ösüşiň 17 maksadynyň ählisini resmi taýdan kabul etdi we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna hem-de maksatnamalaryna, şol sanda adam hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga uýgunlaşdyrdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribäni umumylaşdyrmagyň esasynda Konstitusiýada berkidilen adam hukuklaryna hormat goýmak we olary üpjün etmegiň ýörelgelerine daýanyp, halkara hukugyň ählumumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen, Bitarap Türkmenistan adam hukuklarynyň gurşawyndaky ileri tutulýan ugurlary öňe sürmegiň tapgyrlaýyn maksatlaryny, wezipelerini, anyk çärelerini kesgitleýär.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Pudagara toparyň agzalary meýilnamanyň gurluşyny we mazmunyny makulladylar hem-de onuň kabul edilmeginiň maksadalaýykdygyny nygtadylar.
Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we howpsuzlygyň, adamyň hem-de raýatyň abadançylygynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm ugurlarynyň biri-de halkara ynsanperwer hukugynyň gurşawyndaky hukuk, guramaçylyk-amaly çäreleriň toplumydyr. Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmek boýunça halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisde adam hukuklary babatda täze ugurlary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar adam maýasyny pugtalandyrmaga, halka hyzmat etmek ugrundaky asylly maksatlara eýermäge, döwlet hyzmatlarynyň ählihalk elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, abadançylygyny gowulandyrmak üçin sanly hem-de intellektual tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak zerurdyr. Bu wezipeleriň ählisi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, beýleki halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär. Hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň her biri halkara guramalar bilen bilelikdäki degişli meýilnamalarda, taslamalarda öz beýanyny tapýar hem-de olary amala aşyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar.
Pudagara toparyň mejlisinde başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.