Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gadýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklary bilen baglanyşýan iki doganlyk halkyň medeni, ruhy, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygy döwletara dialogyň esasyny düzýär. Bu berk binýat häzirki wagtda syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.
Ýokary döwlet derejesindäki ynanyşykly dialog köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini netijeli çözmäge ýardam berýär.
Soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy. Eýran Yslam Respublikasy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldady we dünýä giňişliginde bu ugurda ýardam berdi. Mundan başga-da, eýran tarapy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.
Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki ýurduň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar bilen pugtalandyrýarlar.
Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň durmuşa geçirilen taslamasy bilelikdäki taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Bu polat ýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugry bolup, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmat edýär. Iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän netijeli gurallary işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi.
Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklar yzygiderli ilerledilýär.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Bu mizemez dostluk köprüsi gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerini gorap saklamaga hem-de geljek nesillere ýetirmäge mümkinçilik berýär.
...Tähranyň iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Serwestan” köşgüne ugrady. Şol ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Prezident Masud Pezeşkian belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Eýranda Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de Milli Liderimiziň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň Prezident Masud Pezeşkiana iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Goňşy ýurduň döwlet Baştutany hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly we işjeň häsiýetine ünsi çekdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýakyn goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Duşuşygyň dowamynda ýurtlarymyzy hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigi bellenildi. Mizemez erk-islege daýanýan bu gatnaşyklar özara ynanyşykly hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşdy.
Mohammad Galibaf türkmen halkynyň Milli Liderini eýran topragynda mähirli mübärekläp, Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly Arkadagymyz türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän döwletara dialogyň häzirki ýokary derejesini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Eýranyň kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy parlamentara hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde belläp, parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda yzygiderli tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup hyzmat edýär. Söhbetdeşler türkmen we eýran halklarynyň baý medeni mirasyny gorap saklamaga, giňden wagyz etmäge gönükdirilen bilelikdäki medeni çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň we Eýranyň özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklap, birek-birege we iki ýurduň dostlukly halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna saparynyň dowamynda eýran tarapynyň haýyşy boýunça Eýranyň Teleradiogepleşikler guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylygyň, özara hormat goýmagyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Asyrlarboýy goňşy ýaşap, dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan iki doganlyk halky medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Munuň özi syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Eýranyň iri teleýaýlymynyň žurnalistiniň Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş bolmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň we oňa uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy matam çäresiniň geçiriljek ýerine — Mosalla Ymam Homeýni metjidine bardy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň merhum Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen hoşlaşyk matam çäresi geçirildi. Metjitde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Hormat garawulynyň ýerine ýetirmeginde resmi saz çalyndy. Soňra mukaddes Gurhandan aýatlar okaldy.
Gahryman Arkadagymyz merhum Lider Aýatolla Seýed Ali Hameneýini we onuň maşgala agzalaryny hatyralap, Beýik Biribardan merhumlaryň ruhlarynyň şat, imanlarynyň hemra bolmagyny dileg etdi.
Milli Liderimiz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we beýleki ýokary derejeli wekillere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle-de hut öz adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan şu hasratly günde çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasyna saparyny tamamlap, Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy EYR-nyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran sapary däp bolan dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup, halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň, mizemez doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşanyna öwrüldi.