Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda we halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mejlisiň wekilleri kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alyşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan guralan okuw maslahatyna, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-de, Awstriýa Respublikasynda iş saparlarynda boldular. Şunuň bilen birlikde, milli parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini hem-de býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, Türkmenistany senagat-innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär, makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik, durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur serişdeler bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek, bugdaý ekişi möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, däne ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler amala aşyrylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Hususan-da, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyryny ekmek, gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de Balkanabat ýod zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geňeşiň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Mejlise ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki zaman tehnologiýalary arkaly daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde Diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny düzmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Ýaşlaryň arasynda taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça işleriň çäklerinde Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan orta asyr metjidiniň binagärlik bezeglerini öwrenmäge bagyşlanan ýörite okuw maslahaty geçirildi. Şeýle hem «Gadymy Dehistan» döwlet taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty guraldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda baý medeni mirasymyzy giňden öwrenmäge, gorap saklamaga, dikeltmäge we wagyz etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, ýaşlaryň arasynda medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen şypahanalarda tebigy baýlyklarymyz bejeriş işinde giňden ulanylyp, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar hem-de şypahana hyzmatynyň hili we elýeterliligi ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyklykda has-da berkidilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde döwrebap, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar, ozaldan hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ýokary hilli innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanylýar, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň häzirki zaman şypahanalarynda halkymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy we wise-premýere raýatlarymyzyň saglygyny goramak hem-de berkitmek maksady bilen, şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Sanly çözgüt — 2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Şu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijeleri “Türkmentel — 2026” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.