Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 01.07.2026
1489

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jonah Maina Mwangiden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Afrika sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Şeýle-de ilçä Mejlisiň düzümi, onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan köpugurly işleri barada maglumat berildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Keniýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jonah Maina Mwangi Türkmenistanda Keniýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Jonah Maina Mwangini Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Jonah Maina Mwanginiň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirip, Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyňyzy hem-de hormatyňyzy gazanjakdygyna doly ynam döredýär. Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan, Keniýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size we Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

William Samoei RUTO,
Keniýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow