Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 01.07.2026
48

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol 2026-njy ýylyň geçen alty aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler, nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň ýokary derejede bellenilmeginiň möhümdigini aýtdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, hususan-da, kanunçylyk namalarynyň ýerine ýetirilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň netijeleri, bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde prokuratura edaralaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda kanunlaryň we hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitlerini, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly işleri dowam etdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunçylygy üpjün etmek we düzgün bozulmalaryň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de ministre ýol hereketiniň düzgünleriniň, tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň alty aýynda degişli ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň, kazyýet işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, kazyýet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini goramak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň birinji ýarymynda döwletimiziň milli bähbitlerini goramak, ýurdumyzda durnuklylygy hem-de asudalygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ministrlik tarapyndan alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň serhediniň dost-doganlyk serhedidigini belledi hem-de serhet goşunlaryny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, serhetlerimiziň goraglylygyny yzygiderli üpjün etmegi tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de düzümiň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak ugrunda alnyp barlan işler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek we raýatlara kanunçylygy düşündirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de ýurdumyzda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanunçylyga doly laýyk gelmegine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we iş usullaryny yzygiderli ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gullugy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň we ýokary hilli migrasiýa hyzmatlaryny üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini we bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
02.07
Türkmenistanyň Prezidenti Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.07
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi
01.07
Türkmenistanda Keniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
01.07
Ahal welaýatynda we Aşgabatda suw hojalygyna degişli täze desgalar açyldy
01.07
Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy
01.07
Asylly däplere ygrarlylyk
01.07
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
30.06
Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň ruhy baýlygynyň bähbidine
30.06
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2027-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
top-arrow