Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy
Çap edildi 25.06.2026
1465

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şuminiň arasynda duşuşyk geçirildi.

O.Atabaýewa diplomaty mähirli mübärekläp, giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýokary derejesini belledi. Nygtalyşy ýaly, iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýär.

Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini, ýokary derejedäki saparlaryň yzygiderli amala aşyrylýandygyny aýtdy we şu ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň ähmiýetini nygtady.

O.Atabaýewa geçen ýylyň awgustynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin hytaý tarapyna ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi. Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen duşuşyk geçirildi.

Szi Şumin gaznanyň wise-prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň HHR-e amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Sun Sinlin adyndaky gaznanyň başlygy Li Biniň, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýueniň O.Atabaýewa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gaznanyň wise-prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şol saparyň dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrülendigini belledi. Duşuşygyň dowamynda ynsanperwer ulgamdaky dialogy giňeltmegiň çäklerinde şu ýylyň aprelinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bolan saparynyň ähmiýeti nygtaldy.

Çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň hytaýly hyzmatdaşlaryň netijeli tekliplerine seretmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
top-arrow