Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşygy
Syýasy habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili bilen duşuşygy
Çap edildi 25.06.2026
1168

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň wekilini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de ähmiýetini belledi. Şeýle hem O.Atabaýewa ýurdumyz bilen Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin Narine Saakýana Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Narine Saakýan duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň ähmiýetini nygtady we BMG-niň Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldajakdygyny aýtdy.

O.Atabaýewa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilhanasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynyň möhüm ugurlaryny öz içine alýan onlarça bilelikdäki taslamany üstünlikli durmuşa geçirendigini belledi. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge ýardam berýär. Şeýle-de bu düzümiň her bir ýurduň özboluşly ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan ýurt boýunça maksatnamalarynyň ähmiýetine üns çekildi. “Biziň haýyr-sahawat gaznamyz üçin hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäginde jemgyýetiň abadançylygyny ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ulgamlaryny pugtalandyrmak ýaly ugurlar aýratyn orna eýedir” diýip, O.Atabaýewa belledi.

O.Atabaýewa gaznanyň alyp barýan işi barada aýdyp, ilkinji nobatda, howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn lukmançylyk, durmuş hyzmatlarynyň amala aşyrylýandygyny nygtady. Geçen ýyllaryň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dürli lukmançylyk operasiýalarynyň ýüzlerçesi geçirilip, çagalaryň saglygy dikeldildi.

Narine Saakýan gaznanyň alyp barýan işlerine, çagalaryň abadançylygynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de taýýardygyny tassyklady.

Gaznanyň wise-prezidenti BMG-niň ugurdaş düzümleriniň hatarynda ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyn gatnaşyklaryň saklanylýandygyny, geçen ýylyň dekabrynda gol çekilen Ähtnama esasynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň işjeň dowam etdirilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistan bilen Milletler Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
17.08
Halkara ylmy-tehnologiýa parky — Türkmenistanyň innowasion ösüşiniň binýady
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY D.R.JUMAÝEW hakynda
17.08
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.N.SELIMOW hakynda
17.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 247 müň dollaryndan gowrak boldy
17.08
Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.08
Açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we üstünlikler ýoly bilen
16.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
16.08
Türkmenistan — BMG: parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak ugrunda
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
top-arrow