Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
Ykdysadyýet
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
Çap edildi 18.06.2026
1019

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işini dowam etdi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 12-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegini döretmek hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa döwletleri, şol sanda Slowakiýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Türkmenistanyň we Slowakiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy. Geçen döwürde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk, maýa goýumlaryň özara goraglylygy, ulag we salgyt ulgamynda gazanylan ylalaşyklar ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin esasda ösdürilmegi üçin berk binýady döretdi. Iki döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýarlar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisine gatnaşyjylar geçirilýän gepleşikleriň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine eýerilip, uzak möhletleýin esasda ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Mejlisde ýurtlaryň bar bolan ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm waka boldy.

Çykyşlarda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygy aýratyn bellenildi. Ýurdumyzyň ägirt uly çig mal binýady, geografik taýdan amatly ýerleşmegi, amatly maýa goýum şertleri geljegi uly türkmen bazarynda işlemek üçin köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda Ýewropanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döredýär.

Mejlisde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda türkmen-slowak gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmagy boýunça çäreleri utgaşdyrmak, nebitgaz pudagyny enjamlar bilen üpjün etmek, ulag-logistika edaralarynyň we kompaniýalarynyň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, oba hojalygyna ýokary netijeli usullary ornaşdyrmak, talyp alyş-çalşygyny giňeltmek, hünärmenleriň hünär derejesini artdyrmak, sanly lukmançylyk we telelukmançylyk, şeýle hem biodürlüligi goramak, gidrometeorologiýa babatda tejribeleri öwrenmek ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalar beýan edildi.

Mejlise gatnaşyjylar döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, ýola goýlan gepleşikleriň gyzyklanma bildirilýän ugurlarda yzygiderli esasda geçirilmegine ýardam bermegiň möhümdigini bellediler. Nygtalyşy ýaly, munuň özi ýurtlarymyzyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge, işewür düzümleriň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we netijede, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň artdyrylmagyna itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilelikdäki toparyň öňünde durýan anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi. Taraplar özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlediler.

Soňky habarlar
24.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
top-arrow