Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
Çap edildi 03.06.2026
27

Düýn ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu waka mynasybetli Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda geçirilen dabaralara ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini nygtap, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasyndan ruhlanan hormatly ýaşulular bu möwsümiň üstünliklere beslenmegini, Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň abadançylygyny Beýik Biribardan dileg etdiler. Olar: “Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!” diýen sözler bilen ilkinji bugdaý sünbüllerini ordular.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk ýerlerinde bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Orak möwsüminde galla orujy kombaýnlar, döwrebap, ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olary dolandyrýanlar tejribeli mehanizatorlardyr. Möwsümde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlary gije-gündizleýin esasda tehnikalary zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlar we hyzmatlar bilen üpjün ederler. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem doly taýýarlyk ýagdaýynda bolup, gullugyň hünärmenleri döwrebap enjamlar arkaly gelip gowuşýan bugdaý hasylynyň hilini dessin kesgitlärler.

Bugdaý oragynyň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda orak möwsümini guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam berýän giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän kärhanalaryny, elewatorlary, saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek babatda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilýän maliýe-ykdysady mümkinçilikler olaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Ýurdumyzda ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylyşyna, daşky gurşawy goramaga, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän “Arkadag”, “Serdar”, “Pyragy” ýaly täze görnüşleriniň ekilmegi Watan harmanynyň has-da beýgelmegini üpjün edýär.

Möhüm waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň töwereginde gadymy ekerançylyk däplerimizi şöhlelendirýän görkezme çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans, folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňky habarlar
04.06
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
03.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.06
Ýurdumyzda bugdaý oragyna badalga berildi
03.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
03.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
02.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.06
“Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” tassyklanyldy
02.06
“Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama” tassyklanyldy
02.06
Ykdysady we ruhy galkynyşyň belent sepgitlerine tarap
top-arrow