Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi
Çap edildi 22.05.2026
866

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýewi kabul etdi.

Dostlukly ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygy türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Gyrgyzystanda Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem myhman Gahryman Arkadagymyzyň geçen ýylyň aprel aýynda Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran dostlukly saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýratyn goşandyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Adylbek Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu gezekki mejlisiň işine gatnaşmagynyň Gyrgyz Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydygyny subut edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, myhmanyň şu gezekki saparynyň bolsa döwletlerimiziň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasy bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berýändigini kanagatlanma bilen nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, häzirki wagtda ulag, nebitgaz senagaty, elektroenergetika, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi hem-de ýurdumyzyň bu ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hereketleriň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça tagallalara ýokary baha berýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
19.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan gowrak boldy
17.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
17.10
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekildi
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
top-arrow