Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
Syýasy habarlar
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
Çap edildi 19.05.2026
29

Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilen forum “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň netijeli işiniň üpjün edilmegi, onuň pudagara derejedäki, degişli düzümleriň görnüşindäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda bar bolan wezipeleri çözmekde diňe bir kanunçylyk taýdan däl, eýsem, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak esasynda hereket edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Ýewraziýa toparynyň başlygynyň ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen bolan duşuşygynda bu düzümiň ulgamlaýyn işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, utgaşdyryjy pudagara iş toparynyň maksatnamalaýyn çärelerine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Ýewraziýa toparynyň başlygy saparyň çäklerinde meýilleşdirilen halkara çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza wekiliýet agzalarynyň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynanýandygyny nygtady.

Forumyň çäklerinde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň tehniki ýardam bermek boýunça iş toparynyň mejlisi boldy. Onuň dowamynda Ýewraziýa toparyna agza ýurtlaryň terrorçylyga we ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmekde alyp barýan işlerine garaldy hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek bilen bagly ulgamdaky meseleleriň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşyp, onuň dowamynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek baradaky meseleler babatda pikir alyşmalar boldy.

Mejlisiň çäklerinde özara baha bermek we hukuk meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi. Onda çykyş edenler ýokary derejedäki özara baha bermek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we gazanylan ösüş barada gürrüň etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar terrorçylyga, ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmegiň ýollaryny we gurallaryny kämilleşdirmek, bu ugurda tejribe alyşmak, ýakyn geljek üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny kesgitlemek meselelerine garadylar.

Ýurdumyz BMG-niň guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreşmek boýunça birnäçe konwensiýalaryna, ylalaşyklaryna, maksatnamalaryna goşulmak bilen, halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Mejlisde beýleki döwletler, iri düzümler bilen alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada aýdyldy.

Soňra bu ýerde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň Halkara okuw-usulyýet merkezleriniň assosiasiýasyna gatnaşyjylaryň umumy ýygnagy boldy. Onda Ýewraziýa toparynyň terrorçylyk howpunyň peseldilmegine, milli maliýe ulgamlarynyň aýanlygynyň, ygtybarlylygynyň, howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, sebitiň döwletleriniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça halkara derejede alyp barýan işine üns berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdi, şol sanda terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça gepleşikleri geçirmek we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek arkaly amala aşyrylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Soňra parlament agzalary hem-de wekiliýet ýolbaşçylary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde muzeýiň işgärleri myhmanlara türkmen halylarynyň taryhy, dokalyş aýratynlyklary, reňk sazlaşygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem myhmanlar ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Halkara forumyň medeni maksatnamasyna laýyklykda guralan gezelenç myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar saparyň çäklerinde döredilen mümkinçilikler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisi dowam edýär.

Soňky habarlar
19.05
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda täze sepgitlere tarap
19.05
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
18.05
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
18.05
Esasy Kanunymyzyň we ýaşyl baýdagymyzyň hormatyna baýramçylyk konserti
18.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 66 müň dollaryndan gowrak boldy
18.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
16.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
16.05
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
15.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
top-arrow