Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
Çap edildi 16.05.2026
45

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Karl III maşgalasynyň çakylygy boýunça sapar bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady.

Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.

Ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolan Beýik Britaniýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň 1992-nji ýylyň ýanwar aýynda ýola goýlandygyny bellemek gerek. Şol bir wagtyň özünde, Beýik Britaniýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen 50-nji mejlisinde türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk hakyndaky Kararnamasyny we ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilik syýasatyny hem-de häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bardy.

Soňky habarlar
16.05
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna sapar bilen ugrady
16.05
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
15.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
15.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna
15.05
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
14.05
Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri
14.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky ÇYKYŞY
14.05
Gahryman Arkadagymyzyň RF-niň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
top-arrow