Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 13.05.2026
840

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Wladimir Putin birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

RF-niň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan goşandy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, öz gezeginde, Prezident Wladimir Putiniň türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny belläp, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady we hormatly Prezidentimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Gahryman Arkadagymyz söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen köpugurly we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklary, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki dialogy strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň ähmiýetini belledi. 2026-njy ýylyň oktýabrynda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine Prezident Wladimir Putiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen bir hatarda, birnäçe ulgamlar boýunça özara tejribe alşylýar.

Söwda-ykdysady ugur türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlygyň wajyp bölegi bolup durýar. Şunda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekdi. Türkmen talyplarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe teklipleri beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow