Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
Çap edildi 13.05.2026
1037

Hormatly halkara mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Demir ýol ulgamy diňe bir ykdysady gatnaşyklaryň binýady bolman, eýsem, döwletleri we halklary birleşdirýän durnuklylygyň, ösüşiň hem esasydyr. Şoňa görä-de, GDA agza ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarmak biziň umumy maksadymyzdyr.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, sebitde ylalaşykly ulag syýasatynyň kemala gelmegine uly goşant goşup gelýär. Milli demir ýollar arkaly utgaşykly daşamalary ýola goýmak, sebit derejesinde ylalaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Türkmenistan üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Garaşsyz ýurdumyz bu ugurda uly maksatlary nazarlaýan birnäçe başlangyçlary öňe sürdi we netijede köp sanly Kararnamalar kabul edildi.

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ulag geçelgelerini ösdürmek, durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin olaryň elýeterliligini üpjün etmek bilen, halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda dürli ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnama kabul edilip, her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Tejen — Sarahs — Maşat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran we Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollary, Türkmenabat — Zerger — Kerki, Aşgabat — Garagum — Daşoguz demir ýollary, Kerki — Kerkiçi we Türkmenabat — Farap demir ýol köprüleri gurlup ulanmaga berildi.

Türkmenistan ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça möhüm ýollary we merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümlerini mundan beýläk-de giňeltmegi möhüm meseleleriň hatarynda goýýar. Hususan-da, muňa mysal hökmünde 2016-njy ýylda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasyny, 2017-nji ýylda baglaşylan «Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygy (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyk)», şeýle hem TRACECA ulag geçelgesini görkezmek bolar.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag-üstaşyr geçelgesini ösdürmek we ýükleriň geçirilişini işjeňleşdirmek boýunça hem zerur işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa —Türkiýe — Ýewropa halkara multimodal üstaşyr ulag ugruny işjeňleşdirmek boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň arasynda yzygiderli işler dowam edýär.

Hormatly halkara mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
11.06
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy
11.06
Döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärleri boýunça professor alymlyk ady dakyldy
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
top-arrow