Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
Çap edildi 17.04.2026
843

Hormatly adamlar!
Hormatly myhmanymyz!
Hanymlar we jenaplar!

Häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ine, şu gün hem biz ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berýäris.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimizi ösdürmek, onuň pudaklaryna innowasiýalary ornaşdyrmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Döwrebap senagat önümçiliklerini döretmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu özgertmeler daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge giň ýol açýar. Hususan-da, nebitgaz toplumyny netijeli we düýpli ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge aýratyn üns berýäris. Bu pudaga uly möçberde maýa goýumlary goýýarys. Bu serişdeler pudagy yzygiderli ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap enjamlaşdyrmaga niýetlenendir. Şeýle hem olar geologiýa-gözleg we buraw işlerini üstünlikli amala aşyrmaga, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Döwletimiz diwersifikasiýa syýasaty esasynda energetika bazarlaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek baradaky tekliplerini yzygiderli öňe sürüp gelýär. Şeýle hem döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, daşky gurşawy gorap saklamak, ekologik taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek boýunça özara bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Berkarar Watanymyzyň örän baý nebitgaz serişdeleriniň diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine netijeli ulanylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli maýa goýum taslamalary hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berýär.

Eziz watandaşlar!
Hormatly adamlar!

Hytaý Halk Respublikasy Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan döwletleriň biridir. Türkmenistan Hytaý bilen döwletara gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ýakynda biziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparymyz türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Saparyň dowamynda netijeli duşuşyklary geçirip, möhüm ylalaşyklary gazandyk. Nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça hem netijeli gepleşikleri geçirdik.

Özara gatnaşyklarymyzda we ykdysady hyzmatdaşlykda dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrýan işlerimiz örän uly ähmiýete eýedir. Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar.

Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda örän üstünlikli we netijeli ösdürilýär hem-de türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar. 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bolsa özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

Hormatly adamlar!

Döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dürli ugurlar boýunça turba geçirijiler ulgamyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi hem döwletimiziň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy. Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik.

2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder.

Biz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň Diýarymyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegi, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
08.05
«Türkmennebit» döwlet konsernine «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamana baglaşmaga ygtyýar berildi
08.05
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açylar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
top-arrow