Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Çap edildi 15.04.2026
51

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem diplomat parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Italiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Aşgabadyň binagärlik keşbiniň, ekologik derejesiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ilçi Martin Brugy ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy möhüm orny eýeleýär. Ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” formatyndaky birinji sammit munuň aýdyň mysalydyr.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan sebitiň ýurtlary, abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ulag geçelgeleriniň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.

Medeniýet, bilim, ylym ulgamlary hem türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Hususan-da, arheologiýa we muzeý işi boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde italýan dili öwredilýär.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Italiýada Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belläp, ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Martin Brugy Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Ilçiniň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz wezipesini Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Italiýanyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, meniň adymdan we italýan halkynyň adyndan Size, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow