Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli kanunçylygy döwrüň talabyna görä mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren gymmatly maslahatlaryndan we öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp işlenilip taýýarlanylan, ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanun taslamalaryna seredildi hem-de kabul edildi.
Kabul edilen kanunlar degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Mejlisiň ähli komitetlerinde geçirilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
«Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.
Habar berlişi ýaly, 29-njy martda ýurdumyzyň aýry-aýry saýlaw okruglarynda – Lebap welaýatynyň 74-nji «Amyderýa», 79-njy «Darganata», Mary welaýatynyň 102-nji «Jemgyýet», 104-nji «Peşanaly», 106-njy «Wekil» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiziň özgertmeler syýasatyny amala aşyrmagyň, türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýolunda nobatdaky ähmiýetli ädim boldy. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine döwlet işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýdyň görkezdi.
Maslahatda şeýle hem «Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň düzümi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna üýtgetmeler girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalary kabul edildi.
Soňra Mejlisiň deputatlary «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar. Bu Kanunyň taslamasy administratiw-hukuk gatnaşyklary baradaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen işlenilip taýýarlanyldy. Hususan-da, käbir administratiw hukuk bozulmalary üçin bellenilen administratiw jogapkärçilik berkidildi.
Deputatlar şeýle hem «Howply önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna seretdiler. Bu kanun taslamalarynda hereket edýän kanunlaryň käbir maddalarynda ulanylýan birnäçe adalgalar döwrebaplaşdyryldy.
Soňra deputatlar «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Onda hereket edýän Kanunda ulanylýan birnäçe adalgalar we düşünjeler takyklanyldy hem-de mazmun taýdan kämilleşdirildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda suwuň biologik serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Mundan başga-da, maslahatda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalar döwrebaplaşdyryldy. Bu amallar elektron görnüşde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda ýerine ýetirilýär. Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrar hem-de gullugyň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.
«Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň her ýyl Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa alnyp barlan işler barada deputatlara maglumat berdi.
Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi.
Mejlisiň deputatlary kabul edilen kanunlaryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, Watanymyzyň ösüşi we abadançylygy üçin ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat etjekdigini hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelejekdigini bellediler.
Maslahatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ‒ bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek we wagyz etmek, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek Mejlisiň deputatlarynyň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Deputatlar milli kanunçylygy kämilleşdirmekde Türkmenistanyň Mejlisine berilýän goldawlar we döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.