Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 25.03.2026
35

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dostlukly halklarymyzyň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada, Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de ähli ulgamlarda üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Öz adymdan hem-de Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan Sizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik ahlak taglymlaryny alamatlandyrýan bu mübärek bahar baýramy ruhy tämizlige, döredijilige, sazlaşyga ýardam berýär, kalplarymyzy şatlyk, bagtyýarlyk we röwşen geljege umyt bilen doldurýar. Nowruz baýramynyň köpasyrlyk däplerini dowam etdirýän ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna hem-de çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Nowruz baýramy tebigat bilen sazlaşygy, däp-dessurlara hormat goýmagy alamatlandyrýan, halklaryň arasynda dialogyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhüm medeni-ruhy mirasy bolup durýar. Goý, bu nurana baýram parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk getirsin, durnukly ösüşiň hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň bähbidine täze üstünlikleriň gözbaşy bolsun!

Size hem-de ýakynlaryňyza, Türkmenistanyň halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Igor Babuşkin,
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Oraza hem-de Nowruz baýramlary mynasybetli Size we Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy ibermek hormatyna eýedirin. Şu ýyl bu iki möhüm baýramyň gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Oraza baýramy rehimdarlygy, jomartlygy, raýdaşlygy alamatlandyrsa, Nowruz baýramy täze başlangyçlaryň nyşany bolup durýar. Bu baýramlar bize parahatçylygyň, özara hormat goýmagyň, halklarymyzyň arasynda jebisligiň möhümdigini ýatladýar. Pursatdan peýdalanyp, bu baýramlaryň ruhunyň türki döwletleriň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirýärin.

Siziň Alyhezretiňize ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek Omuraliýew,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň adyndan we hut öz adymdan parahatçylygyň, sazlaşygyň, täzelenişiň nyşany bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň! Kökleri Ýewraziýa halklarynyň köpasyrlyk taryhyna uzap gidýän bu nurana baýram bahar paslynyň gelmegini, täze durmuş tapgyrynyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Nowruz baýramy jemgyýetçilik ylalaşygynyň, durnukly ösüşiň berk binýady bolup hyzmat edýän özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk we agzybirlik ýaly gymmatlyklary dabaralandyrýar. Bu gün Nowruz adamlary döredijiligiň, özara düşünişmegiň, hoşmeýilli erkiň taglymlarynyň daşynda jemläp, dialogyň, hyzmatdaşlygyň we umumy abadançylyga ýetmegiň möhümdigini ýatladýar.

Pursatdan peýdalanyp, Size belent hormat goýýandygymy beýan etmäge hem-de döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we parahatçylyk, durnuklylyk ýörelgelerini ilerletmäge goşýan goşandyňyz üçin hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Bakytžan Sagintaýew,
Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we ähli türkmen halkyny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Iwan Kuzmin,
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň beýik baýramy bolan Oraza baýramy bilen gutlaýaryn. Oraza dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes baýram bolup, ruhy päkligi, hoşniýetliligi, rehimdarlygy, agzybirligi alamatlandyrýar.

Bu mübärek günlerde Size berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna mähirli gutlaglarymy, tüýs ýürekden arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Bu mübärek baýram mynasybetli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa Al Halifa,
Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Goý, bu mukaddes baýram ähli yslam ýurtlaryna abadançylyk we bereket bilen dolanyp gelsin! Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk dileýärin.

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Sizi bu mübärek baýram mynasybetli gutlap, Beýik Allatagaladan Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna, ähli musulman ymmatyna, bütin adamzada rysgal-bereket eçilmegini dileýärin. Size mundan beýläk-de üstünlik, abadançylyk arzuw edýärin.

Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabah,
Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!
Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmen halkynyň öz Watanyna söýgüsiniň hem-de buýsanjynyň beýany bolan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda bellenilen mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Sizi we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oraza türkmen halkynyň uly sarpa goýýan baýramlarynyň biri bolup durýar. Bu baýram asyrlaryň dowamynda halklaryň jebisligini, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, dost-doganlygy, tebigatyň täzelenmegini alamatlandyryp gelýär.

Size berk jan saglyk, ynsanperwer ýörelgelere, parahatçylyk taglymlaryna esaslanýan döwlet işiňizde egsilmez güýç-kuwwat, mundan beýläk-de üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we bereket arzuw edýärin.

Goý, Allatagala Türkmenistany öz penasynda aman saklasyn!

Goý, Allatagala Türkmenistanyň Prezidentini öz penasynda aman saklasyn!

Goý, Allatagala Gahryman Arkadagy öz penasynda aman saklasyn!

Parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlar bilen,

Neda Berger,
Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa 

Hormatly jenap Prezident!

Sizi we ähli doganlyk türkmen halkyny mukaddes Oraza hem-de Nowruz baýramlary bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Türkmenistanyň halky we döwleti üçin alyp barýan asylly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini dileýärin. Mukaddes Oraza aýynda eden doga-dileglerimiziň we sogap işlerimiziň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin. Ynsan ruhuna tebigat bilen birlikde, Ýaradanyň iň gymmatly zatlaryndan biri bolan bagtyýarlygy getirýän Nowruz baýramy mübärek bolsun!

Baý ruhy mirasa eýe bolan Türkmenistan bilen gadymdan gelýän medeni-ruhy gatnaşyklary saklamak azerbaýjan-türkmen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Umumy dini we medeni gymmatlyklarymyzy, türki halklaryň taryhyny, milli däp-dessurlaryny gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini Beýik Allatagaladan dileýärin. Siziň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasynda ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin tagallalaryňyzy gaýgyrmajakdygyňyza ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident!

Sizi hem-de doganlyk türkmen halkyny mukaddes Oraza we Nowruz baýramlary bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Beýik Biribar biziň halklarymyza we döwletlerimize öz merhemetini eçilsin! Gudraty Güýçli Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Çuňňur hormatlamak bilen,

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade,
Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy.

Soňky habarlar
26.03
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
25.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
25.03
Türkmenistanyň energetika strategiýasy — sebitde durnukly ösüşiň möhüm şerti
25.03
Ýurdumyzda gowaça ekişine badalga berildi
25.03
Türkmenistanyň Prezidenti Gresiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
24.03
Türkmenistan — Hytaý: baky dostlugyň ýyl ýazgysynda täze sahypa
23.03
Halkymyzyň ruhy we döredijilik kuwwaty — täze üstünlikleriň gözbaşy
23.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 13 million 889 müň dollaryndan gowrak boldy
23.03
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.03
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow