Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 21.03.2026
1296

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza baýramy, şeýle hem iki halkyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanda Türkmenistanyň gazanýan ösüşlerine ýokary baha berilýändigini hem-de dostluga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny, berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza we Nowruz baýramlary mynasybetli mähirli gutlaglaryny, şeýle-de öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Pakistan Yslam Respublikasy bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar we yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň geçen ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara foruma gatnaşmagynyň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, bu foruma gatnaşandygy üçin oňa ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Pakistanyň Premýer-ministri, öz gezeginde, paýtagtymyzda geçirilen halkara forumyň hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu çärä gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparyny hem-de hormatly Prezidentimiz bilen geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary hem-de tagallalary doly goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistanyň Premýer-ministri birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
12.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
top-arrow