Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Jemgyýet
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
Çap edildi 19.01.2026
35

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara forumdaky çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýän forumyň halkara ähmiýetini nygtady. Şunda geçen ýylyň sentýabrynda «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegine aýratyn üns çekilýär. Bu Kanunda bitaraplyga, deňhukuklylyga, özara hormatlamaga, hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga, güýç ulanmazlyga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, islendik halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly çözmäge, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmaga, adam hukuklaryny, azatlyklaryny hormatlamaga üýtgewsiz eýermek esasy kadalar hökmünde berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz möhüm ählumumy sebit meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlyga adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri taýýarlamakda BMG-niň biziň ýurdumyza jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýändigini aýdyp, bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna umyt bildirilýändigini beýan etdi.

Žurnalyň sahypalarynda Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak forumynda eden çykyşy hem ýerleşdirilipdir. Onda Türkmenistan üçin Bitaraplyk derejesiniň diňe bir daşary syýasatyň nusgasy bolman, biziň dünýägaraýşymyzyň, döwlet hem halk hökmünde öz ornumyza, jogapkärçiligimize düşünmegiň, häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly goşandymyzyň binýadydygy nygtalýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar, köpugurly birleşikler hem-de edaralar bilen bilelikde Türkmenistan maksada okgunly oňyn daşary syýasat işlerini durmuşa geçirdi. Bu işler sebit we halkara formatlarda dürli derejede alnyp baryldy hem-de halkara gatnaşyklaryň oňyn ýagdaýda netijeli ösdürilmegi üçin şertler döretmek, dünýä syýasatynda ynamy gaýtadan dikeltmek, hormat goýmak dialogy medeniýetini berkarar etmek ýaly umumy maksat bilen birleşdirildi. Häzirki wagtda bu ýörelgelerdir maksatlar aýratyn ähmiýete eýedir. “Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumdaky çykyşlaryň many-mazmunynyň hem-de ugurlarynyň geljege gönükdirilendigini, strategik meýilleşdirmegiň giň ugurlaryny açandygyny, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş-ynsanperwer ulgamda, durnukly ösüş boýunça birnäçe meselelerde dünýä meýillerine ulgamlaýyn seljerme bermegiň mysalyny görkezendigini belledi.

Neşiriň ýörite sahypasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň milli we halkara hukuk esaslaryna bagyşlanypdyr. Onda degişli Konstitusion kanunlar, BMG-niň dürli ýyllarda kabul eden Kararnamalary barada maglumatlar berilýär.

Okyjylaryň dykgatyna hödürlenilýän “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny — saýlaw hukugynyň döwrebaplygy” atly makalada nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar döwlet sanawyny dolandyryjy bolup durýar. Milli saýlaw kanunçylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi we halkara ülňülere laýyk getirilmegi durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini tassyklaýar. Bu özgertmeler döwletimiziň syýasy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, demokratik özgertmeleriň we ilatyň raýat işjeňliginiň ilerledilmegine gönükdirilendir. Şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işler saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

“Ynsanperwer ýörelgeleriň durmuşa geçirilişi” atly makalada hemişelik Bitaraplyga esaslanýan syýasy ugruň gymmatlyklarynyň dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda hereket edýän Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý hereketleriniň esas goýujy ýörelgeleri bilen sazlaşýandygy bellenilýär. Bu jemgyýetiň çäklerinde ýurdumyza Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) wekilçilik edýär. TGÝMJ-niň ynsanperwer maksatnamalaryny amala aşyrmakda meýletinçilere möhüm orun degişlidir. Meýletinçilik torunyň ösüşi “2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Baş maksatnamasynda” hem-de onuň ýaşlar syýasatynda beýan edilýär. Şunda meýletinçilik medeniýetini ýaýratmak, ýaşlaryň ugurdaş çärelere we taslamalara işjeň gatnaşmagyna ýardam bermek strategik wezipeleriň biridir.

Žurnalyň sahypalarynda “Bitaraplyk — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly makala okyjylara ýetirilýär. Onda asyrlarboýy parahatçylykly ýaşamaga ygrarly bolan Watanymyzyň häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini netijeli ulanýandygyna üns çekilýär. Döwletimiz diplomatik gepleşikler arkaly möhüm halkara meseleleriň çözülmegine hem-de özara hormat goýmak ýörelgeleriniň esasynda ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň içinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan energetika, ulag, ekologiýa we sport ýaly strategik ulgamlarda birnäçe Kararnamalaryň kabul edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän, dünýä ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmegini maksat edinýän her bir başlangyjynyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär.

“Awaza syýasy Jarnamasy: Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklardaky oňyn tejribesi” atly makalada 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti barada durlup geçilýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, iki yklymyň kesişýän ýerinde geostrategik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan ulag arabaglanyşygynyň ähli görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak üçin özüniň üstaşyr mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň deňiz derwezesine aýratyn orun degişlidir. Onuň ägirt uly serişde kuwwatlyklary halkara gämiçiligiň giňeldilmegine we daşary ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

“Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynyň ösüşi” atly makalada giň gerimli gurluşyklaryň alnyp barylmagynyň we ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanmaga berilmeginiň durmuş ugrunyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny görkezýändigi bellenilýär. Makalada ýaşlaryň ýaşaýyş jaýyna elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam edýän goldawlaryň hukuk we guramaçylyk gurallaryny kemala getirmäge aýratyn üns berilýär.

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşiginiň jemleri baradaky makala berlipdir. Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: döredijilikli zähmetiň we adam hukuklarynyň durmuşa geçirilişiniň ýörelgeleri” atly maslahatyň çäklerinde jemlenildi. Şeýle-de žurnalda 2026-njy ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň yglan edilýändigi baradaky maglumat köpçülige ýetirilýär.

Däp bolşy ýaly, neşir «Senenama» bölümi bilen jemlenýär. Onda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere bagyşlanan syn okyjylara hödürlenilýär.

Soňky habarlar
19.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
19.01
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
19.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 898 müň dollaryndan gowrak boldy
18.01
Abadançylygyň we rowaçlygyň ýoly bilen
18.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
17.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
16.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
16.01
2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy
16.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
15.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Bilim we ylym ulgamy
top-arrow